Çörek, duz, sogan. Tapylsa, pomidor. Dadranyň köki, burçuň bolmagy — elpe-şelpelik. Pyçag-a hökman bolaýmaly. Bloknot hem galam. Radiony çalaja açýan. Hawa, çaýam demläp basyrmaly. Ynha, indi ýagty jahan özümiňki, aýnanyň daşyndaky daragtlaram, asmanyň sergezdan bulutlaram meniñki, bary, olaryñ bary meniň myhmanlarym, meniñ şagalañyma gelipdir. Hawa, durmuş bizi duzlaýar, gowurýar, taplaýar. Badalga hem uçuş. Daglaryñ, durmuşyñ depesinde batbörek deý uçup ýören köñül. Tutuş gün bujagaz otagda nämeleriñ bolup geçeni, jaýyñ leňňer atyp, ýeriň endiräni diňe maňa mälim. Goňşularym bolsa, biziň goňşymyz gowy, ümsüm, ýöne birneme ýabanyrak diýýärler.

Rusçadan terjime eden Nobatguly REJEBOW.