Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Donald Trump “Öýde ýeke özi” filmine nädip geldi

13-05-2021 / 5202

Donald Tramp “Öýde ýeke özi” filimiň epizodynda rol oýnamak üçin döredijilik toparyna şert goýýar. Režisýoryň sözlerine görä, şol wagtda Trampa degişli bolan “New Ýork Plaza” myhmanhanasynda, filimiň käbir sahnalaryny surata düşürmäge Tramp bilen ozaldan gepleşik geçirilýär. Elbetde, olar bu sahna üçin pul hem töleýärler, emma Tramp diňe epizod rola gatnaşan ýagdaýynda surata almaga rugsat berýär.

Filimi montaž edýän wagtynda režisýor Kolambus, Trampyň gatnaşan sahnasyny hiç ýerini üýtgetmän filmde galdyrmaly diýen karara gelýär. Çünki, ol bu sahna görnüşi tomaşaçylaryň göwnünden turjagyna umyt edýär.

“Öýde ýeke özi 2” filiminden daşary, Tramp 1990-njy ýyllarda “Şärikler”, “Eddi” ýaly filmlerde, şeýle-de “Bewerli-Hillz şazadasy”, “Eneke” ýaly käbir köp bölümli seriallarda epizod rollarda hem çykyş edýär.

 

Taýýarlan: Merjen ÝAZLYÝEWA.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com