Mähriban okyjylar! Size 22-nji aprelde dünýä inen meşhur zenanlar baradaky maglumatlary hödürleýäris.

Amber Heard (34 ýaşaýar) – amerikan film we telewideniýe aktrisasy. Telewideniýede we kino sungatynda ýerine ýetiren kiçiräk keşplerinden soň, Heard “All the Boys Love Mandy Lane” atly filmiň baş gahrymany bolup surata düşýär. Bu keşp hem oňa uly şöhratlylyk getirýär.

Michelle Ryan (36 ýaşaýar) – iňlis aktrisasy. 2007-nji ýylda ol “Bionic Woman” atly meşhur amerikan serialynda keşp ýerine ýetirip başlaýar.

Sherri Shepherd (53 ýaşaýar) – amerikan aktisasy, komediýaçy, awtor we telegepleşikleri alypbaryjy. Ol 2007-2014-nji ýyllar aralygynda Shepherd “The View” atly gepleşigi alyp barýar. Bu işi üçin ol 2009-njy ýylda “Daytime Emmy Award” baýragyna mynasyp bolýar.

Ambra Angiolini (43 ýaşaýar) – italian aktrisasy, telegepleşikleri alypbaryjy we aýdymçy.

Cassidy Freeman (38 ýaşaýar) – amerikan aktrisasy we kompozitor. Ol “Tass Mercer”  ýaly meşhur filmlerde ýerine ýetiren keşpleri bilen köpçüligiň ünsüni özüne çekýär.

 

 

Mähriban HUDAÝGULYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.