Maý aýynyň 24-den başlap, gündelik durmuşda seýrek duş gelýän wakalar köp gabat geler. Bu nukdaýnazardan, öňki kynçylyklary çözmäge synanşyp bolar, sebäbi indi täze çemeleşme tapmak ähtimallygy öňkülerinden has köp bolar. Işde köp sanly özgerişlikler bolar. Uly taslamalar gysga wagtda durmuşa geçirilip bilner. Bu hepde durmuşyňyz size köp gyzykly wakalary getirer, ýöne häzirlikçe göwnüňize ýaramaýan zatlaryň ählisinden gaça durjak boluň. Özüňizi durmuşyň akymyna goýberiň.

Sowur (Телец) -21.04-20.05

Ýyldyzlar bu hepde-de töweregiňizdäkileriň maslahatyny has ýakyndan diňlemelidigiňizi habar berýärler. Hut şolar hem size, çözmesi kyn bolan meseleleri çözmäge kömek eder.

Jöwza (Близнецы)-21.05-21.06

Ýedi günüň dowamynda daşky görnüşiňizde üýtgetmek isleýän zadyňyz barada pikirlenmeli bolarsyňyz. Ýyldyzlar, bu üýtgeşmelere ünsi jemlemelidigini aýdýar.

Seretan (Рак) -22.06-22.07)

Ýyldyzlar ünsüňizi bu hepde dürli meseleleri we bökdençlikleri düzetmegiň peýdalydygyna gönükdirýärler. Pikirleriňizi täzelemäge çalşyň, şonda energiýaňyzyň nädip güýçlenendigine göz ýetirersiňiz.

Eset (Лев) – 23.07-23.08

Ýedi güniň içinde döredijilik kynçylygy bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyňyzy göz öňünde tutmaly bolarsyňyz. Onuň çözgüdini ýüzleý däl-de, ussatlyk bilen çemeleşmek möhümdir.

Sünbüle (Дева) -24.08-23.09

Bu döwürde töweregiňizdäki adamlaryň kömege mätäçligini soramak we olara kömek etmek ruhy dünýäňiz üçin peýdaly bolar. Biriniň işini çözmäge gatnaşmagyňyz aýgytly faktor bolar. Kömegiňiz üçin köpler minnetdar bolarlar.

Mizan (Весы) – 24.09-23.10

Bu hepdede ýyldyzlar tanyşlaryňyzyň çägini giňeltmegi maslahat berýärler. Häzirki wagtda olara gyssagly zerurlyk ýok, emma geljekde size köp peýda getirerler. Ertirki güne şu günden taýýarlanmak diýsek ýerlikli bolar.

Akrap (Скорпион) -24.10-22.11

Bu hepde kyn maksatlardan we abstrakt pikirlerden gaça duruň. Özüňiz we ýakynlaryňyz üçin wagt aýyryň. Materialistik we pragmatiki çemeleşmeler bu döwür üçin has täsirli boljaga meňzeýär.

Kowus (Стрелец ) -23.11-21.12

26-njy maýda doly Aý Sagittariusda bolar. Bu döwürde möhüm meselelere başlamaly däl we töwekgelçilik etmeli däl. Öňki edilmedik işleriňize gümra boluň, şeýle hem ruhy amallara ähmiýet bermäge çalyşyň.

Jedi (Козерог) -22.12-20.01

Hiç zatdan boýun gaçyrmaň ýakyn dost-ýarlaryňyz bilen wagt geçirmegiň bu döwür üçin has möhümdigini ýatdan çykarmaň. Olar size köne pikirleri ýatdan çykarmaga kömek eder.

Daluw (Водолей)-21.01-20.02)

Ýyldyzlar ýakyn wagtda möhüm okuw üstünliklerine garaşyp boljakdygyny görkezýär. Bu mümkinçiligi elden gidirmäň we saýlan bilim ugruňyz boýunça ynamly hereket ediň.

Hut (Рыба) 21.02-20.03

Ýedi günüň dowamynda dünýäniň hyýallardan doludygyny ýadyňyzdan çykarmak siz üçin peýdaly bolar. Diňe öz pikiriňize we beýniňize bil baglamaga synanyşyň. Elmydama ýakyn adamlaryňyzyň pikirlerini we maslahatlaryny diňläň.