Slide
Slide
previous arrow
next arrow


HabarlarSagdyn durmuş

Dermanlyk ösümlikleriň tagamy bolan alkogolsyz içgiler öndürilýär

27-03-2022 / 5043

«Maksatly türkmen» hojalyk jemgyýeti «Tut» söwda belgili gazlandyrylan alkogolsyz içgileri öndürýär. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde ýerleşýän kärhanada 30-dan gowrak adam işleýär – diýip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň metbugat gullugy habar berýär.

Kärhanada çykarylýan alkogolsyz içgileriň dermanlyk ösümlikler we miwe tagamy bar. «Gurt» içgisine buýan köki we witaminler goşulýar. Kärhananyň öndürýän önümleriniň aglabasynda ýerli çgi mal ulanylýar. «PET» gaplar ýerli öndürijilerden satyn alynýar. Kärhana geljekde önümçilgi giňeltmegi, önümleriniň görnüşini artdyrmagy we ony daşarky bazarlara eksport etmegi göz öňünde tutýar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com