Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Göwün küýsegi

Deňzim

03-05-2021 / 5034

(oýlanma)

Ine bu gün ýene kenaryňa geldim. Göwnüme bolmasa, seni bir zatlar biynjalyk edýär. Göýä sen bizden närazy bolýan ýaly…Ýa-da sen çagalaryň şatlykly gülkülerini küýseýäňmi ýa-da gumrular deý aşyklaryň kenaryňda  biri-birine sözleýän pynhan sözlerini küýseýärsiňmi..

Dogry, bu ýyl seniň kenaryň ümsümlik. Sen bolsa hapalaryňy kenaryňa şol oklap durşuň. Şu bolşuň maňa-da meňzemän duranok. Men-de edil şeýle-dä… Men hem şu günümiň asudalygyny bozýan, emma ýüregimi howsala getirýän adamlary  durmuşymdan çykarasym gelýär. Ýöne edil sen ýaly edip bolanok. Sebäbi biz biraz sypaýy bolmaly…Ýöne deňzim, sen-de agyrlyk edýän zatlaryňy gark edip, düýbüňde saklaňokmy, näme?

Deňzim, sen ýaşaýyş, sen bereket, sen rysgal, sen şatlyk. Kenaryňda gurlan bu ajaýyp binalary diýsene…Seniň kenaryň — jennet mekany. Ine nesip bolsa, az salymdan kenarlaryňda çaga gülküleri ýaňlanar. Şatlyk-şagalaňa öwrülersiň. Ýöne az salym sabyr etmek gerek. Sebäbi biz özümizi dürli kesellerden goramaly…

Az wagtdan töweregiň şatlyk şowhundan dolar. Sen muny küýsemediňmi eýsem?

 

Akgül HEMRAÝEWA,

Türkmenbaşy şäheriniň 4-nji orta mekdebiniň rus dili mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com