
Mälim bolşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyñ 26-njy martynda Türkmenistanyñ Mejlisiniñ deputatlarynyñ, welaýat, şäher, etrap halk maslahatlarynyñ we Geñeşleriñ agzalarynyñ saýlawlary geçiriler. Bu möhüm syýasy çäräni ýokary guramaçylykly geçirmek üçin bolsa Gahryman Arkadagymyzyñ, Arkadagly Serdarymyzyñ saýasynda ähli mümkinçilikler we şertler döredildi.
Türkmenistanyñ Konstitusiýasyna we Saýlaw kodeksine laýyklykda, bu syýasy çäräniñ milli kanunçylygymyza, halkara hukugynyñ umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda guralmagy onuñ demokratik ýörelgelere we hukuk esaslaryna esaslanýandygyny görkezýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyñ syýasy babatda toplan baý tejribesine we milli ýörelgelerimize laýyklykda bu möwsümiñ jogapkärli çäreleri tapgyrma-tapgyr üstünlikli alnyp barylýar. Ýeri gelende bellesek, 17-nji martda möhletinden öñ ses bermek çäresi başlandy. Bu käbir saýlawçylar üçin döredilýän mümkinçilik bolup, syýasy ähmiýetli, halk bähbitli çäreleriñ umumy häsiýetlidigini alamatlandyryýar.
Şeýle hem şu günler Türkmenistanyñ çakylygy boýunça ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriñ Arkalaşygynyñ synçylar topary saýlaw möwsümine syn edýärler. Olar döwletimizde geçirilýän saýlawlaryñ milli kanunçylygymyza laýyklykda, erkinlik we aýanlyk ýagdaýynda guralýandygyna syn edýärler.
Häzirki wagtda ýurdumyz boýunça ses bermek üçin saýlaw uçastoklarynyñ 2644-si döredildi. Olarda saýlawçylar üçin zerur bolan maglumatlar we mümkinçilikler ýola goýuldy.
Biz hem Mary şäherinäki 14-nji saýlaw uçastogynda degişli toparymyz bilen öñde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge çalyşýarys. Çünki ýurdumyzyñ iri syýasy çärelerine işjeñ gatnaşmak we onuñ gurmaçylygyna goşant goşmak bilim işgärleri hökmünde biziñ üçin hem uly derejedir.
Berkarar döwletiñ täze eýýamynyñ Galkynyşy döwründe mähriban halkymyzyñ durmuşy, döwletimiziñ gülläp ösüşleri ugrunda ýokary ähmiýeti bolan wakalara gatnaşmaga, çäreleri milli ruhda, halkymyzyñ asylly däplerine laýyk derejede geçirmäge döredilýän mümkinçilikler üçin Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize egsilmez alkyşlarymyzy aýdýarys. Şeýle hem watandaşlarymyzy öz hukuklaryndan peýdalanyp, saýlawlara işjeñ gatnaşmaga çagyrýarys!
Aýna ÇARYÝEWA,
Mary şäherindäki 5-nji orta mekdebiñ müdiriniñ okuw işleri boýunça orunbasary, Mary şäheriniñ 14-nji saýlaw uçastok toparynyñ kätibi, TMÝG-niñ işjeñ agzasy.