Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

«Dehistanda» meýdan şertlerinde ylmy-amaly maslahat geçiriler

15-04-2022 / 5034

14-nji aprelde «Awazada» geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde ýurdumyzyň medeniýet toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer «Dehistan» taryhy-medeni ýadygärlikler toplumynda meýdan şertlerindäki ylmy-amaly maslahaty hem-de «Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde» atly halkara ylmy duşuşygy geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Şu ýylyň 19-njy aprelinde Aşgabat şäherinde “Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde” atly ylmy duşuşygy geçirmek meýilleşdirilýär. Çäräniň barşynda arheologik tapyndylaryň sergisini guramak, taryhy-medeni ýadygärliklerde halkara we milli ekspedisiýalar tarapyndan geçirilen arheologik gazuw-barlag işleriniň netijelerine seretmek, “Türkmenistanyň gadymyýeti: ylmy-barlaglar we ýadygärlikleriň rejelenilişi” atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirmek, daşary ýurtlaryň ylmy institutlarynyň wekilleriniň, alymlaryň we arheologlaryň sanly ulgam arkaly çykyşlary göz öňünde tutulýar.

Soňra wise-premýer şu ýylyň 16-njy aprelinde «Dehistan» taryhy-medeni ýadygärlikler toplumynda meýdan şertlerindäki ylmy-amaly maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Maslahatyň maksatnamasy alymlaryň ýadygärlikleriň taryhy-medeni ähmiýetine hem-de arheologik tapyndylaryň aýratynlyklaryna bagyşlanan çykyşlaryny özünde jemleýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, meýilleşdirilen çäreleriň ählisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com