Slide
Ygtybarly habar çeşmesi
TÜRKMENGAZET
www.turkmengazet.com
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow
Habarlar

Daýahatyn kerwensaraýy: taryh dikeldilýär

ABŞ-nyň «Medeni mirasy gorap saklamak baradaky Ilçiniň gaznasy» atly maksatnamasy esasynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýardamy bilen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen, Türkmenabat şäherinden 170 km demirgazykda Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Gabakly geňeşliginiň çägindäki «Daýahatyn» kerwensaraýynda rejeleýiş, abatlaýyş – dikeldiş işleri alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň hem-de Kerki şäherindäki «Kerki» taryhy-medeni döwlet goraghananyň hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda ýadygärlikde möwsümleýin rejeleýiş, abatlaýyş-dikeldiş işleriniň birinji tapgyry 2015-2016-njy ýyllarda, ikinji tapgyry 2018-2019-njy ýyllarda geçirildi. Bu işleriň 3-nji tapgyrynyň güýzki möwsümi bolsa, şu ýylyň oktýabr aýynyň aýaklaryna tamamlandy we ol 2022-nji ýylyň ýaz aýlarynda dowam etdiriler.

Häzirki döwürde ýadygärligiň içki howlusynyň gündogar we günbatar däliziniň diwarlarynyň ýüzleri, oňa ýanaşyk gurlan otaglary, girelgesiniň daşky diwary öňki keşbinde dikeldildi. Bu tapgyryň çäginde kerwensaraýyň girelge tarapynyň ýüzündäki epigrafik ýazgylaryň ylmy esasda dikeldilip bolaýjak böleklerini rejelemek göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

E-mail hasabyňyz paýlaşylmaz.

Başa dön tuşu