
Çehiýaly Dawid Wenkl bir demde 52,1 metre çuňluga çümüp, täze rekord goýmagy başardy. Wenkl Şweýsariýadaky doňan Sils kölünde rekord synanyşygyny amala aşyrdy. Onuň rekord synagy 1 minut 54 sekunt dowam etdi. Wenkle soňky 15 metr aralyk galýança 4 adam howpsuzlyk maksady bilen onuň ýanynda boldy. Bu barada «CNN» internet saýty habar berýär.
Mundan öňki 50 metrlik rekord hem onuň özüne degişli bolup durýardy. Synanyşygy tamamlanandan soňra Dawid Wenkl: «Özümi gowy duýdum, ähli zat meýilleşdirilişi ýaly dowam etdi. Täze rekord goýandygym üçin diýseň tolgunýaryn. Ozalkylara garanyňda birneme ýuwaşdy. 1 minut 54 sekuntda tamamlandy. Ýöne sebäbini entek bilemok» – diýip, aýtdy.
«TürkmenGazet».