Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Çeper filmde surata düşmek isleýänler çagyrylýar

25-02-2022 / 5083

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi täze, gysgametražly filmde keşpleri ýerine ýetirmek isleýänleri synaga çagyrýar.

Magtymguly Pyragynyň ömri hem döredijiligi barada gürrüň berýän «Istärin» atly kinofilm hem-de Ahalteke bedewleriniň waspyny ýetirýän «Uly baýragyň gymmaty» atly çeper filmde dürli keşplerde surata düşmek üçin täze zehinler gözlenýär.

Synaga 16 ýaşdan uly bolan islendik kişi gatnaşyp biler. Hünär taýdan aktýorlyk bilimi bolsa has gowy, ýöne ol hökmany şert däldir. Oňa gatnaşmak üçin döredijilik synagyna ýazylmaly. Munuň üçin Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigine gelmeli ýa-da 49-37-13 telefona jaň etmeli.

Gözden geçiriliş 2022-nji ýylyň 10-njy martyna çenli dowam eder.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com