Slide
Türkmengazet ygtybarly habar çeşmesi
www.turkmengazet.com
gyzykly habarlar,täzelikler
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow


Göwün küýsegi

Ejeme

Uzak ýolda ýoldaş boljak,
Eje seniň ak pataňdyr.
Käte ykbal oýun edip.
Azaşdyrsa öz hatamdyr.

Güller bitse bossanyna,
Günler gelip gyssanynda.
Dertler meni gysymlanda,
Dilegleriň halas eder.

Çapraz geler käte bije,
Ykbal meni goýsa gije,
Mähir doly sözler bilen,
,,Gamlanma” diý meni tije…

Eje seniň diýşiň ýaly,
Oturmaryn hijem bikär.
Goý, ykbalym synabersin,
Synaglarda süňňim bekär.

Arzuwlarym bagt bolup,
Meň dünýäme nur eçiler.
Öwütleriň hemra bolsa,
Uzak-uzak ýol geçiler.

Ýiten ýoldan ýoda çekip,
Dolanaryn ýene saňa.
Görejini ýola dikip,
,,Geläý balam” diýer maňa.

Syrly dünýäň synagynda,
Guşaryn men bili gaýym.
Bu ýollaryň ahyrynda,
Serpaý bolar bagt paýym,

Hasyl bolsa arzuwlarym,
Begenersiň menden artyk.
Güni geler senem onsoň,
Söýgilärsiň ogul agtyk.

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com