Möwsümleriň üýtgemegi bilen tebigatymyzyň nähili ajaýypdygyna bize birnäçe oňat duýgulary berýändigine has gowy düşünýäris! Daş-töweregimizi gurşap alan tebigaty söýmek, tebigy baýlyklarymyzy gorap saklamak we olary tygşytly peýdalanyp, köpeltmek meselesi her bir döwürde-de adamzadyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz meseleleriň biridir.

Tebigat mekdebe çenli çagalaryň biliminiň we ösüşiniň iň möhüm bölegi bolup durýar. Tebigat çagalara örän uly täsir edýär, arassa howa, daş-töweregiň gözelligi çagada lezzetli duýgulary oýarýar. Çaganyň aňynda heniz ýörjen-ýörjen bolup başlan döwründe daş-töwerege düşünmek, özüni gurşap alan zatlar bilen tanyşmak, tebigata bolan söýgi ýaly duýgulary oýarmalydyr. Çagalar tebigat bilen arabaglanyşyk saklamasa, geljekde köp dürli psihologiki kynçylyklara duçar bolup bilýär. Hünärmenleriň pikirine görä, “Tebigat bilen arabaglanyşykdan üzňe bolan çagalar akyl we emosional ösüşden gijä galýarlar, döredijilik we gözleg ukyplaryny ýitirýärler, durmuşa bolan möhüm meseleleri çözmäge düýbünden taýyn däldir” diýip belleýärler. Mundan başga-da  çaganyň tebigata bolan garaýşy, esasan, ene-atasynyň ösümliklere we haýwanlara näderejede üns berýänligi bilen baglydyr. Çagalara gözellik duýgusyny ýeterlik däl, tebigata mümkin bolan ähli kömegi bermegi öwretmek möhümdir.

Elmydama ýaş çagalar bilen gezelençler köp bolýar we bu wagt çagalara tebigatyň bir bölegimizdigini düşündirmegiň wagty, şonuň üçin ony söýmelidiris we goramalydyrys! Adamyň tebigat bilen gönüden-göni gatnaşygynyň ähmiýeti baradaky pikirimizi güýçlendirip, hökmany suratda çagalarda tebigata seresaply garaýyşy terbiýelemegi düşündirmelidiris.

Siz çagaňyzyň daşky gurşaw bilen sazlaşykly ösmegini we häzirkizaman jemgyýetiniň doly hukukly agzasy bolup ulalmagyny isleýärsiňizmi?  Elbetde, hawa diýip islendik ene-ata aýdardy.  Onda siz çagalaryňyza tebigaty söýmegi we oňa baha bermegi öwrediň.  Munuň üçin sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeli we çagalara köp wagtyňyzy bermeli bolarsyňyz.  Diňe sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek bilen biz çagalara tebigatyň bir bölegidigimizi görkezip bileris, şonuň üçin daşky gurşawy söýmelidiris we ony gorap saklamalydyrys. Mysal üçin, her gün çagalara tebigat baradaky goşgulary we hekaýalary okap bermek bilen tebigata bolan söýgüni  has hem artdyrmaly.  Galyberse-de, siz ene-ata hökmünde öz hereketleriňiz bilen çagaňyza görelde bolup bilersiňiz, şonuň üçin hem arassa daşky gurşawyň dünýädäki iň gymmatly zatdygyny olara öwretmek size kyn bolmaz.  Çagalara tebigatyň gözelligine ýaşlykdan söýgi bermegi öwretmek zerurdyr, sebäbi ýaş çagalar täze maglumatlary has köp we çalt kabul edýärler.  Şonuň üçin, ýaşlaryň aňyna çagalykda ornaşan daşky gurşawy gorap saklamaga bolan dogry garaýyşlar we pikirler, elbetde olar ulalanlarynda özüniň oňyn netijesini görkezer.

Çagalara kiçilikden tebigy baýlyklara hormat goýmagyň ýaşaýşyň açarydygy baradaky pikiri olaryň aňyna ýetirmäge synanyşyň.  Mysal üçin, çagaňyza gündelik ulanýan arassa agyz suwyny tygşytly peýdalanmagy düşündiriň. Elektrik energiýasyny hem tygşytly sarp etmegiň tebigat üçin ähmiýetlidigini düşündirip bilersiňiz.  Çagalaryň daş-töweregine gowy ideg etmegi we tebigy baýlyklary az ulanmagy üçin ýeterlik mysallar getirip bilersiňiz.  Çagaňyz bilen bilelikde tebigaty goramaga mümkinçilik berýän düzgünleri düzüň.  Mümkin bolsa, çagaňyz bilen bilelikde bu işler boýunça meýilnama ýa-da çyzgy döredip, ony ýatdan çykarmaz ýaly görnükli ýerde asyp bilersiňiz.

Daş-töweregimizdäki tebigat näçe arassa bolsa, bu dünýäde şonça-da rahat ýaşaýarys!

 

Nowruz KURBANOWA,

Türkmenistanyň  Daşary  işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.