Çagalarymyza Iňlis dilini öwretmek indi has aňsat! Makul Sözlük, çagalaryna iňlis dilini öwretmek isleýän ene-atalara, şeýle hem okuwçylara bu dili has aňsat öwretmek isleýän mugallymlar üçin özüniň täze hyzmatyny- Suratly sözlügi hödürleýär.

Atawatan Türkmenistan halkara žurnalynyň resmi internet saýtynda bellenilşi ýaly, Intellektual telekeçilik başlangyjyndan ugur alnyp taýarlanylan Suratly sözlük jemi 375 sany Türkmen we Iňlis dilindäki iň köp ulanylýan sözleri özünde jemleýär. Suratly sözlük üçin sözler saýlanyp alynanda, ilkinji nobatda, çagalar üçin bilinäýmeli sözler saýlandy.

  • Adam organlary (mysal üçin, el, aýak, kelle, saç…)
  • Antonimler (mysal üçin, sowuk, yssy, semiz, inçe…)
  • Binalar (mysal üçin, awtobus duralgasy, teatr, muzeý..)
  • Döwürler we reňkler (mysal üçin, duşenbe, ak, gara…)
  • Esbaplar (mysal üçin, ýelim, galam, çyzgyç…)
  • Haýwanlar (mysal üçin, at, düýe, it..)
  • Hünärler (mysal üçin, mugallym, lukman, ..)
  • Işlikler (mysal üçin, ylgamak, ýöremek, ýazmak..)
  • Iýmitler (mysal üçin, bal, un, tüwi…)
  • Miweler we gök bakja (mysal üçin, armyt, alma, .)
  • Öý (mysal üçin, haly, käse, çemçe…)
  • Sanlar we şekiller (mysal üçin, bäş, üçburçlyk…)
  • Sypatlar (mysal üçin, begençli, utanjaň, jomart..)
  • Tebigat (mysal üçin,ýyldyz, ýaprak, tokaý…)
  • Ulaglar (mysal üçin,uçar, otly, gaýyk..)

Eýsem, Suratly Sözlükden nähilli peýdalanmaly? Siz ýokaryda berilen bölümler boýunça haýsy ulgama degişli sözleri suratly öwrenmek isleýän bolsaňyz, onda, şol bölümi saýlamaly! Mysal üçin iýmitler bölümini saýlap alsaňyz, Size şol bölüme degişli suratlar, nobatma-nobat geler. Şonda  şol  söze degişli surat, agzalan sözüň Iňlis we türkmen dilindäki ýazylyşy we seslendirilişi bilen geler. Bu bolsa, çagalaryň sözleri aňsatlyk bilen öwrenmegine uly goşant goşar!

P.S.Suratlar talyp Ýazgül Begniýazowa tarapyndan  Makul Sözlük üçin çyzylan suratlar bolup, ähli awtorlyk hukuklary Makul Sözlüge degişlidir.