Düýn ýurdumyzyň ähli ýerlerinde çagalar güni uly dabara bilen bellenildi. Çagalar üçin konsertler, ýaryşlar, oýunlar gurnaldy.

Çagalary goramagyň Halkara güni – dürli döwletlerde dürli günlerde bellenilýär. Çagalar güni Doktor Çarles Leonard tarapyndan 1856-njy ýylyň iýun aýynyň 2-nji duşenbesinde bellenilip başlanyldy. Çagalar güni resmi ýagdaýda milli baýram hökmünde ilkinji gezek 1929-nji ýylda Türkiýe Respublikasynda 23-nji aprel güni bellenildi.

Argentinada Çagalaryň güni awgustyň 3-nji ýekşenbesi bellenilýär. Bangladeşde bu baýramçylyk ilkinji gezek 1954-nji ýylda bellenilip şol günden bäri 7-nji martda bellenilýär. Boliwiýada, ilkinji gezek 1955-nji ýylyň 12-nji aprelinde bellenildi. Şol günden bäri hem 12-nji aprelde bellenilýär. Kanadada Çagalaryň milli güni 1993-nji ýyldan bäri  20-nji noýabrynda bellenilýär. Kanada BMG-niň Çagalaryň hukuklary hakynda konwensiýasynda 1989-njy ýylyň 20-nji noýabrynda tassyklanyldy. Merkezi Afrika-Kongo Respublikasy, Kongo Demokratik Respublikasy, Kamerun, Ekwatorial Gwineýa, Gabon, Çad, Merkezi Afrika Respublikasy, Halkara Çagalar gününi 25-nji dekabrda belleýärler. Horwatiýa Çagalar gününi 11-nji noýabrda belleýär. Müsür, her ýylyň noýabr aýynyň 20-si, çagalar üçin festiwallar we oýunlar oýnalyp ulydan belleýärler.Wengriýada, Çagalar hepdesi 1931-nji ýylda başlady. 1950-nji ýyldan bäri Çagalaryň güni diýip dowam edýär we her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesi bellenilýär. Indoneziýada, Çagalaryň güni 1984-nki ýyldan bäri 23-nji iýunda bellenilýär. Hindistanda, Çagalaryň güni 14-nji noýabrda bellenilýär. Garaşsyz Hindistanyň ilkinji primer minitri Çaça Nehrunyň doglan gününde belleýärler. Irlandiýada, Çagalaryň güni 20-nji noýabrda bellenilýär. Ýaponiýada, Çagalaryň güni 5-nji maýda, milli baýram hökmünde 1948-nji ýyldan bäri bellenilip gelýär. 3-nji martda gyz çagalaryň we 5-nji maýda oglan çagalarynyň baýramçylygy bellenilýär.  Hytaý Halk Respublikasy, Çagalar gününi 1-nji iýunda belleýär. Hytaýda ilkinji gezek Çagalar güni 1949-njy ýylda bellenilip şol günden bäri hem uludan bellenilip gelinýär.

Çagalary goramagyň Halkara güni – munuň özi çagalar üçin diňe bir şowhunly baýram bolman, eýsem adalatly we abadan jemgyýetiň kemala gelmegi üçin zerur şertleriň biri bolan çaganyň hukugynyň berjaý edilmeginiň zerurdygyny äşgär edýän ýagdaýdyr.

 

Umyt ANNAGYLYJOWA,                                     

Türkmenistanyň Daşary işleri ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.