Awtory: Merjen Kadyrowa.

Lebap welaýat telewideniýesi.

Ilki bilen çagalarda jogapkärçilik duýgusyny  oýarmaly?

Jogapkärçilik adamyň iñ esasy  naýbaşy  häsiýetleriniñ  biri.  Çagalarda bu häsiýeti oýarmak, ene- atanyñ berýän terbiýesine bagly bolup durýar. Bu häsiýet islendik  çagany uly űstűnliklere elter hem-de geljege bolan ynamy artdyrar.

Çagalaryñ kiçijik gazanan űstűnligine, mekdepde derslerden ýetişigine uly baha bermeli. Olary höweslendirmeli, dostlaşmaly, her bir  aýdan pikirine hormat goýmaly. Bu  bolsa olarda özűne bolan ynamy gűýçlendirýär. Ỳagny 1 synpa gatnap başlan çagada bir bada mekdebe , daş –töweregindäki deñ- duşlaryna  öwrenişmegi biraz kyn bolýar. Bu ýagdaýda ene- ata öz çagasyna goldaw bermegi hökmany ýagdaýdyr.

Sapaklaryna gezek gelende oýun hökműnde añsadrak usulda düşündirmeli.

Ony her gezek öwmeli. 6-7 ýaşdaky çagalary beter çagalykdan  daşlaşdyrmaly däl, gaýtam olara  erteki aýdyp bermek, aýdyma hiñlenmek ýa-da  goşgy okap bermek ýaly endikler bilen terbiýelesek  olara uly bir goldaw bolup biler.

6-7 ýaşdaky  çagalar bu döwürde  öran tiz wagtda hat-da her sagatda diýen ýaly ösűp ýetişýärler.

Bu ýaşdaky çagalar elmydama hereketde  bolýarlar.  Psihologlar bu ýaşdaky çagalary belli bir rejede saklamagy maslahat berýärler. Oglan çaga has hereketjeñ bolýar, olary mekdepden daşary  sport bilen meşgullandyrmaly ýa-da  şaşka, şahmat, suwda ýűzmek…. Gyzlar gimnastika, hariografiýa, ýeñil atletika, surat çekmek  bilen meşgullanyp bilerler.

Geliň, çagalarymyzyñ gözýetiminiñ giñelmegine, olaryñ sagdyn, berk bedenli ösűp ýetişmegine ýardam bereliñ!