Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Ç.Gylyjow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy

05-06-2022 / 5025

4-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjow gözegçilik edýän söwda toplumynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp we wise-premýere ýüzlenip, soňky döwürde gözegçilik edýän düzümleriniň işine gözegçiligi gowşadandygyny, ilatyň sarp edýän harytlarynyň, aýratyn hem, oba hojalyk pudagynyň önümleriniň öndürilişini artdyrmak boýunça işleriň haýal alnyp barylýandygyny nygtady. Söwda ulgamynyň, sanly ulgamy ornaşdyrmak nazara alnanda, häzirki zaman üpjünçilik ulgamlaryny emele getirmek boýunça işler hem ýaramaz ýola goýlupdyr. Şonuň netijesinde, söwda ulgamynda köp sanly düzgün bozmalara ýol berilýär.

Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlary öndürmek boýunça işleriň hem ýaramaz alnyp barylýandygyna ünsi çekip, bu ugurda entek uly mümkinçilikleriň bardygyny, bu mümkinçilikleriň ýeterlik ulanylmaýandygyny aýtdy.

Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz işde goýberen kemçilikleri üçin, Ç.Gylyjowyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadylýandygyny yglan etdi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumy boýunça orunbasary wezipesine Batyr Atdaýewi bellemek barada karara gelendigini habar berip, ony Türkmenistanyň Baş prokurory wezipesinden boşatdy.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com