Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Bütindünýä ykdysady forumy geçiriler

14-03-2022 / 5006

Şweýsariýanyň Da­wos­ şäherinde 1971-nji ýyl­dan bä­ri ge­çi­ril­ýän Bü­tin­dün­ýä yk­dy­sa­dy fo­ru­myn­da (WEF) adam­zat jem­gy­ýe­ti­niň yk­ba­ly­na gö­nü­den-gö­ni tä­si­ri­ni ýe­tir­ýän wa­jyp me­sele­leri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­ýar. Bü­tin­dün­ýä yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň ýyl­lyk mas­la­ha­ty ko­ro­na­wi­rus pan­de­mi­ýa­sy se­bäp­li iki ýyl­ ara­kes­me­den soň, 2022-nji ýylyň 22 — 26-njy maý­ynda Da­wos­da ge­çi­ri­ler.

Bü­tin­dün­ýä yk­dy­sa­dy fo­ru­my­ Şweý­sa­ri­ýa­nyň hö­kü­me­te de­giş­li bol­ma­dyk guramasy­ bo­lup, dür­li ugur­lar bo­ýun­ça öň­de­ba­ry­jy te­le­ke­çi­le­riň, sy­ýa­sat­çy­la­ryň we hünär­men­le­riň gat­naş­ma­gyn­da her ýyl ge­çiril­ýär. Gu­ra­ma­çy­la­ryň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, bu forumyň il­ki­baş­da 17-nji ýan­warda geçirilmegi me­ýil­leş­di­ri­lip­dir.

Ykdysa­dy fo­ru­myň bar­şyn­da pan­de­mi­ýa­dan sap­lan­mak, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne gar­şy gö­reş­mek, has go­wy iş şert­le­ri­ni dö­ret­mek we dör­dün­ji se­na­gat re­wol­ýu­si­ýa­sy­nyň teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny ulan­mak ýa­ly mese­le­ler ara alyp mas­la­hat­laş­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Soň­ky iki ýyl­da bo­lup ge­çen äh­li wir­tu­al ýyg­nak­lar­dan soň sy­ýa­sy lider­ler, işe­wür­ler we ra­ýat jem­gy­ýe­ti­niň ýol­baş­çy­la­ry ýe­ne-de du­şu­şar­lar — di­ýip, Bü­tin­dün­ýä yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň esas­lan­dy­ry­jy­sy we baş­ly­gy Klaus Şwab belledi.

Klaus Şwab adam­za­dyň öňün­de dur­ýan me­se­le­le­riň çalt çö­zül­me­gi­ne go­şant goş­jak ynam at­mos­fe­ra­sy­ny dö­ret­mä­ge ça­gyr­ýar. Dün­ýä­niň so­si­al-yk­dy­sa­dy ýag­da­ýy­nyň has-da go­wu­lan­ma­gy, iri yk­dy­sa­dy we sy­ýa­sy bi­le­le­şik­le­riň, aý­ry döw­let­le­riň, kor­po­ra­si­ýa­la­ryň, kom­pa­ni­ýa­la­ryň bäh­bit­le­ri­niň ga­bat gel­me­gi fo­ru­myň iň esa­sy mak­sa­dy bo­lup dur­ýar. Ştab-kwar­ti­ra­sy ýur­duň Ko­lo­ni şä­he­rin­de ýer­leş­ýän fo­ru­ma gat­naş­ýan döw­let­le­riň sa­ny ýyl­sa­ýyn art­ýar.

Meýlis SADYKOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com