Awtory: Umida Abdyýewa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Matematikany gowy görýänler 14-nji martda matematiki konstanta bolan π sanyň gününi belläp geçýärler.

Dört müň ýyl mundan ozal π sanyň bahasy belli bolupdyr. Elbetde, sanyň takyk bahasy şol wagtdan hasaplanmandyr. Ilki başda töweregiň uzynlygynyň, diametrine bolan gatnaşygy 3-e deň diýip hasaplapdyrlar. Ýöne wagtyň geçmegi bilen arhitekturanyň ösüp başlamagy bilen has takyk ölçegleriň zerurlygy ýüze çykypdyr. Ilki başda san bolupdyr, ýöne harp belgini diňe XVIII asyryň başynda (1706 ý.) aldy we “töwerek” hem-de “perimetr” manysyny berýän iki grek sözüniň baş harplaryndan emele gelýär. Matematik Jons bu sany “π” harpy bilen aňladýar we ol 1737-nji ýylda matematika düýpli girizilýär.

Dürli döwürlerde we dürli halklaryň arasynda π sanyň bahasy birmeňzeş bolmandyr. Mysal üçin, Gadymy Müsürde 3,1604, Gadymy Hindistanda 3,1389, Hytaýda bolsa 3,1459 deň bolan sanlary ulanypdyrlar. Wagtyň geçmegi bilen π has takyk hasaplandy we hasaplaýyş tehnologiýasy, ýagny kompýuteriň peýda bolmagy bilen, 4 milliarddan gowrak sany kesgitlenen.

Töweregiň meýdanynyň formulasyndan başga-da π sany birnäçe deňlemelerde ulanylýar. Ony Eýnşteýn umumy otnositellik teoriýasy üçin hasaplamalary ýerine ýetirende ulanypdyr. Şeýle hem, Furýeniň özgertmelerinde, statistikada we kwant mehanikasynda duş gelýär. π san, töweregiň uzynlygy diametrinden näçe esse uludygyny görkezýär. Töweregiň ululygy näçe bolsa-da, 4 müň ýyl mundan ozal bellenip geçilişi ýaly, gatnaşyk hemişe üýtgemän galýar.

Takmynan hasaplamak üçin adaty sapak ýeterlikdir. Biziň eýýamymyzdan öň III asyrda grek Arhimed töweregiň içinden we daşyndan dogry köpburçluklary çyzypdyr. Arhimed köpburçlugyň gapdallarynyň uzynlygyny goşmak bilen, π belginiň sanyny has takyk kesgitläpdir we takmynan 3,14 deňdigine düşünipdir. Köpburçluk usulyny, Arhimedden soň takmynan 2 müň ýyl töwerek peýdalanypdyrlar, bu bolsa oturdan soň 38-nji belgä çenli π sanyň bahasyny tapmaga mümkinçilik beripdir. Käbir alymlar geometrik usuly ulanan bolsalar, beýlekiler π sanyny beýleki sanlary goşmak, aýyrmak, bölmek ýa-da köpeltmek arkaly hasaplap bolýandygyny düşünipdirler.

Siwilizasiýanyň ösmegi bilen hasaplamalaryň takyklygyna zerurlyk artdy, bu hem π sanyň takyklygynyň ýokarlanmagyny talap etdi. Oturdan soň kyrk belgi ýeterlik bolýar meselem, Galaktikanyň ululygynda bolan töweregi     10-7 millimetriň takyklygyna çenli hasaplamak üçin.

Şol bir wagtyň özünde, häzirki zaman kompýuterler tarapyndan amala aşyrylýan π hasaplamagyň takyklygy ýokarydyr. Emma takyklyk ýaryşyny togtadyp bolmaýar. 1973-nji ýylda π sanyň oturdan soň million belgisine çenli hasaplanylypdyr, 2011-nji ýylda bolsa ýapon inženeri Şigeru Kondo 10 000 000 000 (trillion) san takyklygy bilen hasaplapdyr. Onuň rekordyny 2016-njy ýylda çeh fizigi Piter Trueb tarapyndan 22,4 milliard nyşan bilen täzeledi. Bu netijäni adaty ini 14-lik ululykda bir setirde çap etseňiz, ýazgy Ýerden Wenera çenli ortaça aralykdan biraz gysga bolar.

Alymlar we höwesjeňler has köp alamatlary kimiň hasaplap biljekdigini anyklamak üçin bäsleşýärler. Munuň üçin, esasanam, rekord uzynlygyň köp hasaplamalarynda ulanylýan meşhur “y-cruncher” programmasy döredildi.

2019-njy ýylda Google işgäri Ýaponiýadan Emma Haruka-Iwao π bahasyny otyrdan soň 31,4 trillion sanyna çenli, has takygy, π 1013 belgä çenli hasaplapdyr. Bu täze dünýä rekordy, matematik Piter Truebiň rekordyny täzeledi.

Hasaplamalar üçin Haruka-Iwao y-cruncher we jemgyýetçilik bulut hyzmatyny Google Compute Engine wirtual klasterini hem ulanypdyr. 25 wirtual maşyn topary 111,8 gün, ýa-da hasaplamak üçin jemi 170 terabaýt disk meýdany 2795 maşyn güni (7,6 maşyn ýyly) işledilipdir.

Ýatda saklamak rekordyny 2015-nji ýylda hindi Rajwir Mina tarapyndan goýuldy. 10 sagadyň dowamynda 70 000 simwoly gözi daňylgy ýagdaýda aýtmagy başardy.

Bu baýramçylyk 1987-nji ýylda San-Fransiskodan Larri Şow fizigi tarapyndan oýlanyp tapyldy. Ol sene ulgamynda 14-nji mart – 3/14 senesi we güniň 1:59:26 wagty π = 3.1415926 sanyň ilkinji sanlary bilen gabat gelýändigini kesgitläpdir. Adatça güniň 1: 59: 26 sagadynda bellenilýär (12 sagatlyk ulgamda), ýöne 24 sagatlyk sistema ulanýanlar şol wagty sagat 1:59 diýip hasaplaýarlar we baýramçylygy gije bellemegi makul bilýärler.

Baýramçylygyň wagtynyň doly ýazgysy: 3/14 1:59:26, ýagny 3.1415926 belgisi ýaly. π belginiň baýramy, elbetde, ilkinji nobatda matematikler tarapyndan bellenilýär. Däp bolşy ýaly, bu gün π sany hakda gyzykly matematiki hekaýalary  aýdyp berýärler we ýörite ” π ”  belgi bilen şekillendirlen pirog hödür edýärler.