Bürgütler ortaça 80 ýyl ýaşaýar. 40 ýaşlarynda bir bürgüdiň indi tapdan düşüp, çünki, tüýi, ganatlary könelişipdir. Ýa ölmeli  ýa-da ýaşaýyş üçin göreşmeli.

Bürgütler daglaryň depesinde 5-6 aý ýekelikde geçirer eken. Çüňklerini berk gaýalara urup, täze çünk çykar ýaly eder ekenler. Penjelerini hem çünkleri bilen aýryp, täzesi çykar ýaly eder ekenler. Eger bürgüt agyryly, sanjyly, ganly 5-6 aýy başdan geçirip bilse, durmuş söweşinde ýeňiş gazanar eken.

Indi bürgüt täze durmuşa aýak basdy. Awusyna çydam edip, gany we gara deri bilen eken agajy miwe berer. Ýaşy ulaldygyça, arkaýyn uçar. Bu täzelenme esasynda öňünde ýene ýaşalmadyk 40 ýyl bar.

Adam hem edil bürgüt ýaly agyr döwürleri başdan geçirip biler, emma edil bürgüdiň öňünde iki saýlaw bolşy ýaly, adamyň öňünde hem iki saýlaw bardyr. Ýa ynsan ejiz ýagdaýda gezip, diňe göwniçökgünlikde kynçylyklar bilen geçirer.  Ýa-da edil bürgüt ýaly, agyryly, sanjyly, dürli agyr duýgulary başdan geçirip, özüni täzelär. Ýörämege takady galmasada, emedekläp öňe tarap gidip biler. Körleşen düşünjesine täze zatlar goşup, has köp saýlawyň bardygyny görüp biler. Täze durmuşa, durmuş ussady bolup başlap biler.

 

Terjime eden: Merjen ÝAZLYÝEWA.