Slide
Slide
previous arrow
next arrow


HabarlarSlider

Bu gün 30-njy maý

Bütindünýä demgysma we allergiýa garşy göreşmek güni

30-05-2022 / 5049

Dünýäde köp sanly adamlar allergiýa we demgysma kesellerine sezewar bolýarlar. Statistiki maglumatlara görä, ilatyň 40 %-i bu kesellere duçar bolup, birnäçe bejergileri alýarlar. Dünýä jemgyýeti bu keselleriň öňüni almak maksady bilen, her ýylyň 30-njy maýynda Bütindünýä demgysma we allergiýa garşy göreş gününi belleýär. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy häzirki zaman kesellerine garşy göreş çärelerini alyp barmalydygyny, emma diňe täsir edýän we barlagdan geçen bejergileri almalydygyny belleýärler. Mysal üçin, zyýanly endiklerden, ýagny temmäki we antibiotik serişdelerden daşda durmagy hem-de, dogry iýmitlenmegi ýola goýmagy maslahat berýärler. Lukmanlar we alymlar bu baýramçylyk güni kesgitli düzgünleri we hünärmenleriň görkezmelerini berjaý etmek bilen, demgysma we allergiýa kesellerinden hemişelik gutulyp boljakdygy baradaky çykyşlary edýärler.

Merjen BALLYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

 

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com