Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanda täze bellenen hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkony kabul etdi. Diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Milli Liderimiz ilçini Türkmenistanda işe başlamagy bilen gutlap, iri halkara guramanyň ýolbaşçylaryna iň oňat arzuwlaryny aýtdy. Söhbetdeşler Merkezi Aziýa sebitinde öňdebaryjy orny eýeleýän Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryny millileşdiren ilkinji ýurtlaryň biri bolup, olary milli meýilnamalara hem-de maksatnamalara girizmegiň üstünde bilelikde işleri geçirýändigini kanagatlanma bilen nygtadylar.

Milli Liderimiz we diplomat köpugurly hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek boýunça bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşyp, ýurdumyzyň başlangyjy bilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen şu ýylda hem-de BMG-niň döredilmeginiň 75 ýyllygynyň hormatyna geçirilýän çäreleriň wajypdygyny bellediler.

Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanda täze bellenen hemişelik utgaşdyryjysy berýän goldawy üçin döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

TÜRKMENgazet