Slide
Türkmengazet ygtybarly habar çeşmesi
www.turkmengazet.com
gyzykly habarlar,täzelikler
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Biziň dostlarymyz — robotlarymyz

Pol arassalaýjy

iRobot kompaniýasynyň meşhur Rumba awtomatiki tozan we hapa sorujylary otaga erkin hereket edip, hapany aýyrýarlar. Roombanyň Scooba görnüşli tozan sorujysy bolsa, halysyz pollary arassalap bilýär.

Robo hyzmatkäri

Entek doly taýýar görnüşleri adamyň gündelik hyzmatlaryna ýamasa-da, robo hyzmatkärleriniň içjek suwuňy getirip bermek ýa-da şuňa meňzeş hyzmatlary, ýaňy ýakynda geçirilen robot sergisinde görkezildi.

Howla ideg etmek

Rumbanyň howluda işläp biljek görnüşi Robomow bolup durýar. Çünki ol otlary ormaklygy we arassaçylygy doly öz üstüne alýar. Ol 20 0С gradusa çenli beýiklige galyp bilýär. Eger-de sähelçe ýagyşy duýsa, onuň özi gaçybatalga gözleýär.

Ukudan oýanmak

Kloki jaňly sagat roboty, ir bilen agyr turup, özüne gelip bilmeýänler üçin gowy täzelik bolup biler. Çünki ýatan adam ýerinden turup, öz wagtynda ony öçürmese, ol başga ýere togalanyp gidýär. Ol her gezek togalanyp gaçyp gidende, dürli ýerleri awtomatiki usulda saýlaýar we eýesi şol ýere turup barýança, bar güýji bilen jyrlaýar.

Egin-eşik hyzmatkäri

ABŞ-nyň Berkliý Uniwersitetinde 2010-njy ýylda eşikleri epläp berýän roboty düzdüler, emma 4 ýyldan soň olar eşikleri kir maşyna salyp, ýuwup bolansoň olary çykaryp, epläp berýän roboty hem düzdüler. Bu robotyň ýeke-täk göwnejaý bolmadyk tarapy onuň $400,000 amerikan dollaryna barabar bolmagydyr.

Bägül SÖÝÜNOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com