Slide
Türkmengazet ygtybarly habar çeşmesi
www.turkmengazet.com
gyzykly habarlar,täzelikler
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow


Habarlar

Birža täzelikleri

Türkmen döwlet habarlar gullugynyň habar bermegine görä, geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna daşary döwletleriň işewür toparlarynyň wekilleri nebithimiýa önümlerini, hususan-da, Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Şweýsariýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň işewürleri Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen binýatlyk ýagy, polipropileni, suwuklandyrylan gazy, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, nebit ýol bitumyny hem-de uçar kerosinini, owganystanly telekeçiler bolsa “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 38 million 83 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com