Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Aşgabatda sil suwlaryny sowujy desgalar toplumy açyldy

09-11-2022 / 5068

Şu gün – 9-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günorta böleginde sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron sahypasyna habar berildi.

Bu inženerçilik desgasynyň gurulmagy bilen, Aşgabadyň ýerasty suwlarynyň derejesi peselip, şäheriň gidromelioratiw ýagdaýyny kadaly saklamak, zeý we sil suwlaryndan goraglylygyny üpjün etmek, lagym hem ýagyş suwlaryny şäheriň daşyna çykarmak mümkinçiligi döredildi. Täze açylýan desganyň gurluşygyny alyp baran Russiýa Federasiýasynyň «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatonyň çykyşyndan soňra, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygyna Aşgabat şäherinde gurlan sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň ýokary hilini, özboluşlylygyny we ekologik taýdan durnuklylygyny tassyklaýan laýyklyk güwänamalary gowşuryldy. Munuň üçin Russiýadan degişli bilermenler hem-de «Sigmacert» halkara resminamalaşdyryş Bilim we barlag hyzmatlary kompaniýasynyň wekili paýtagtymyza geldiler.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde döwrebap suw sowujy enjamlaryň işleýiş tertibi bilen tanyşdy we Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygyna täze gulluk awtoulaglarynyň hem-de ýörite tehnikalaryň açarlaryny gowşurdy.

«TürkmenGazet».

 


Fatal error: Uncaught Error: Call to undefined function ST4_single_hits2() in /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/functions/post-functions.php:508 Stack trace: #0 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/functions/post-functions.php(692): tie_get_post_meta() #1 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/functions/post-actions.php(260): tie_the_post_meta() #2 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-includes/class-wp-hook.php(324): tie_post_extra_info_column() #3 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-includes/class-wp-hook.php(348): WP_Hook->apply_filters() #4 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-includes/plugin.php(517): WP_Hook->do_action() #5 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/templates/single-post/content.php(81): do_action() #6 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/classes/class-tielabs-helper.php(119): include('/var/www/vhosts...') #7 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/single.php(17): TIELABS_HELPER::get_template_part() #8 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-includes/template-loader.php(106): include('/var/www/vhosts...') #9 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-blog-header.php(19): require_once('/var/www/vhosts...') #10 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/index.php(17): require('/var/www/vhosts...') #11 {main} thrown in /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/functions/post-functions.php on line 508
WordPress › Error

There has been a critical error on this website.

Learn more about troubleshooting WordPress.