Sport we syýahatçylyk

Biler bolsaňyz…

  • Ilat sany boýunça Germaniýa Ýewropada ikinji ýerde durýar – 82 million adam.
  • Germaniýanyň birbada dokuz ýurt – Polşa, Awstriýa, Lýuksemburg, şeýle hem Fransiýa, Şweýsariýa, Belgiýa, Daniýa, Gollandiýa we Çehiýa bilen serhetleri bar.
  • Dünýä reýtinginde Germaniýa adam ösüşi indeksinde (ýaşaýyş derejesi, saglyk, bilim we beýleki faktorlar bilen bilelikde) dördünji orunda durýar – öňde diňe Norwegiýa, Awstraliýa we Şweýsariýa bar.
  • 1445-nji ýylda nemes Iogann Gutenberg / Иоганн Гуттенберг/ çaphana stanogy oýlap tapdy. Bu tehnologiýany döredilmegi kitaplary bütin dünýäde çap etmegine ýardam etdi.
  • Bütin dünýäde 105 milliondan gowrak adam nemes dilinde gepleýärler.
  • Germaniýada 30-dan gowrak şiwede bar, olar üç esasy görnüşe bölünýär –ýokary nemes, pes nemes we orta nemes. Tapawut şeýle bir uludyr welin, günortadaky nemesler demirgazykdaky nemeslere düşünip bilmeýärler.
  • Bu ýurtdaky taksi sürüjileriniň köpüsi “Mersedes” awtoulaglaryny sürýär.
  • Dünýäniň iň dar köçesi Germaniýanyň ,,Ройтлинген” şäherinde ýerleşýär. Ini bary-ýogy 31 santimetr, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.
  • “Fanta” içgisi 1940-njy ýylda Germaniýada tötänleýin ýüze çykdy.
  • Germaniýada 400 töweregi haýwanat bagy bar, Germaniýada iň ulusy Berlin haýwanat bagydyr.
  • Germaniýadaky ähli awtoulag ýollarynyň 65% -inde tizlik çäkleri ýok.
  • “Adidas” we “Puma” Germaniýada doglan Dassler doganlar tarapyndan esaslandyryldy.

 

Taýýarlan: Göwher MERDANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir

Başa dön tuşu