Iller aýtdy.

Duýýarmyşlar:

Meniň menden geçenimi…

Hiç-le!

Bilsinler bar zatdan,

Şygry saýlap seçenimi

 

Käte şemaldyr öýdenlem,

Tupan bolup çyksa-da hiç

Göwne degmedik göwnümem,

Öz-özüni ýyksa-da hiç.

 

Diýmen asla: “Şowsuzlyklar

Bar umydym tala daňar…”

“Gijäň hökmi Güneşe çen”

Wagtlaýyndyr aladalar…

 

Synag sapylan günleriň,

Gorkamok men neşderinden.

Bolan, boljak ýeňlişlerim

Poeziýaň leşgerinden…

 

Okanlaň müňden birine

Ýarasa bor ýazanlarym

Men ömrümde şundan beýik

Ýeňşi asla gazanmaryn…

Sülgün Bazarowa.