HabarlarSlider

Beýik Hytaý diwarynyň bir bölegi weýran boldy!

Hytaýda 6,9 magnitudaly güýçli ýer titreme bolup geçdi. Netijede Beýik Hytaý diwarynyň bir bölegi weýran boldy, adamlar jebirlendi. Bu hakda 9-njy ýanwarda — ýekşenbede mälim edildi diýip, Global times habar berýär.

Maglumatlara görä, yranmalar şenbe güni Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Sinhaý prowinsiýasynda 10 kilometr çukurlykda boldy. Yranmanyň az ilatly çäkde bolandygyna garamazdan, ýer titremeleri birnäçe uly şäherlerde hem hasaba alnypdyr.

Heläk bolanlar hakda habar berilmedik, ýöne 9 kişi ýaralanypdyr. Olaryň 8-si hassahanadan çykarylypdyr, bir kişi bolsa entegem lukmanlaryň gözegçiliginde.

Ýekşenbe güni resmi wekiller Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Gansu prowinsiýasynyň Şandan okrugynda bolan ýer yranma Beýik Hytaý diwarynyň iki metrini weýran edendigini anykladylar.

Bozulan ýer Min nesilşalygynyň döwründe (1368-1644) gurlupdyr. Häzirki wagtda hünärmenler bejeriş işlerini alyp barýarlar.

«TürkmenGazet».

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir

Başa dön tuşu