Slide
Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Sagdyn durmuşSlider

Behi we saglyk

25-01-2023 / 90

Alymlaryň bellemeklerine görä, behi adamlar tarapyndan iň gadymy özleşdirilen ekinleriň biri. 4000 müň ýyl mundan ozal Aziýada ösdürilip ýetişdirilen behi, gaty we diş gamaşdyryjy miwe hökmünde ýaýrapdyr. Halklaryň özara gatnaşyklary sebäpli, bu miwe birnäçe dünýä ýurtlaryna ýaýrapdyr.

100 gr behiniň düzümini 8.9 gr uglewodlar, 7.0 gr fruktoza hem-de glýukoza, saharoza düzýär. Behide A, B, B2, B6, C, E, PP witaminlerden başga-da, ençeme minerallar bar. Ol kaliý duzuna baý bolup, onuň 144 mg golaý mukdary saklanýar. Behi alma we limon turşulyklaryna baý. Ol ynsan saglygyna oňaýly täsir edýän ýokumly maddalara hem baýdyr. Şeýle-de şol maddalaryň ynsanyň ruhy ýagdaýynyň gowulaşmagyna, aşa tolgunmanyň çalt geçmegine oňat täsir edýändigini-de bellemelidiris. Aslynda her miwäniň özboluşly ýakymly ysy bolýar. Behiniň hem bişen wagty aýratyn ýakymly, özüne çekiji ysy bardyr.

Behi köp ýurtlaryň naharlarynda hem giňden ulanylýar. Aslynda ol iýmesi kynrak bolan miweleriň biri hasaplanýar. Ýöne soňky döwürde ösümlik dünýäsi bilen iş salyşýan seçgiçi alymlaryň geçiren tejribeleriniň netijesinde, alma, armyt ýaly miweler bilen sapylan behiler ýumşak, hat-da käbir görnüşleriniň daşynyň tüýjümekligi hem aýrylyp, ýylmanak görnüşine duşmak bolýar.

Aýlar ÝUSUPOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 5-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com