
Gündelik durmuşymyza haýsydyr bir many berýän aňlatma diňe sözler bilen däl, eýsem, dürli belgiler arkaly hem görkezilip bilner. Mysal üçin, pyýadalar we sürüjiler üçin ýolyşyk we beýleki ýol belgileri reňk ýa-da şekilleriň üsti bilen ýetirilýär. Okuw sapaklarynda, hasaplaýyş maşynlarynda hem şeýle belgileriň birnäçesi bolup, olar dünýäniň ähli adamlary üçin düşnüklidir. Eýsem, bu belgiler nireden gelip çykyp, olaryň nähili manysy barka?
Häzirki wagtda kompýuter klawiaturasyndaky nyşanlaryň köpüsi elektron enjamlaryň peýda bolmagyndan has öň bardy. Elektron poçtalardaky @ belgisi hem ýazuwda kompýuterden we internetden has öň peýda bolupdyr. Şeýle-de, bu nyşan adaty ýazuw enjamynyň ilkinji nusgalarynda özüne orun tapypdyr.
Meşhur wenger dilçisi Stiwen Ulmannyň pikirine görä, bu nyşan Orta asyr monarhlary tarapyndan latyn dilinde ulanylypdyr. 2004-nji ýylyň fewral aýynda Halkara Telekomunikasiýa Bileleşigi (HTB) elektron poçta salgylarynyň iberilmegini aňsatlaşdyrmak maksady bilen @ belgisi üçin Morse koduny hödürledi. Kod latyn A we C harplaryny birleşdirýär we bilelikdäki grafiki ýazgyny baglanyşyk görnüşinde görkezýär. Nyşan ilkinji gezek 1971-nji ýylyň noýabr aýynda programmist Reý Tomlinson tarapyndan dünýäde ilkinji şeýle e-poçta iberilmegi arkaly teklip edildi. E-poçta R. Tomlinsondan ozal hem bardy, ýöne ol ady we domeni aýyrmak üçin “@” belgisini ulanmagy teklip eden ilkinji adam hökmünde kabul edildi.
2009-njy ýylda ispan taryhçysy Jorj Romans Stabil ilkinji gezek 1448-nji ýylda ýazylan Aragon golýazmasy “Taula de Ariza”–da “@” nyşany bilen arrobanyň gysgaldylandygyny anyklaýar. Bu belginiň dürli ýurtlarda zoologiki atlary hem hem. Meselem polýaklar bu belgä – maýmyn, taýwanlylar – syçan, rus we ermeniler – it, wengerler – gurçuk, italýanlar – suwöküz, daniýalylar we şwesiýalylar – pil magistraly, finler bolsa – pişigiň guýrugy diýip atlandyrýarlar.
* – irki döwürlerde matematikler ýyldyzyň şekilini köpeltmek belgisi hökmünde ulanyp başlapdyrlar. Soňky ýyllarda bolsa, beýleki ýazgylarda ähmiýetli zady alamatlandyrmak üçin ýyldyzjyk belgisini ulanyp başlapdyrlar.
? – sorag belgisi hemmelere mälim bolsa gerek. Ýöne bu belgi dünýädäki käbir dillerde başgaça atlandyrylýar. Mysal üçin ispan dilinde ýüzlenme “!” we sorag “?” sözlemleriň başynda hem-de soňunda beýleki dyngy belgiler goýulýar. Arap we pars dilleri babatynda aýdanymyzda bolsa, sözlemler sagdan çepe ýazylýandygy üçin sorag belgisi tersine “¿” goýulýar.
Maral DÖWLETOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.