SliderSöhbetdeşlik

Begenç Çaryýew: «Eçiliň» şerbetlerini halaýan»

Şu ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» hem-de «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2021» bäsleşikleriniň ýeňijisi bolan, ýaşlaryň söýgüli aýdymçysy, «Bego» diýlip tanalýan Begençmyrat Çaryýew bilen sanly ulgam arkaly guralan söhbetdeşligi «TürkmenGazet» onlaýn gazetiniň okyjylaryna ýetirmegi müwessa bildik.

— Begenç, baýragyňyzam, baýramyňyzam gutly bolsun! Ýyldyz bolmak nähili duýgy?

— Jogapkärçiligiňi hasam artdyrýan duýgy. Ýyldyzy hemmeler görýär.

Sungat ýolundaky halypaňyz?

— Kakam, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor Amanmyrat Çaryýew.

— Bilşimize görä, siz hem sungata kompozitor bolup geldiňiz?!

— Hawa. Ilki saz ýazardym. 2008-nji ýylda Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebini, 2013-nji ýylda bolsa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyny tamamladym. Fortepiano hünäri boýunça. Häzirem aýdymlarymyň köpüsiniň sazyny özüm ýazýan.

Ilkinji diňleýjiňiz kim?

— Elbetde, kakam.

— Ilkinji meşhurlyk getiren aýdymyňyz haýsy?

— «Saňa garaşdym».

— Iň meşhur 10 aýdymyňyz…

— «Arkadag», «Aşgabat», «Söýenim», «Ýaşasym gelýär», «Näzi bar», «Ýoluňda gözlerim», «Saňa garaşdym», «Hurmany», «Sende gözlerim», «Öz ilimiň gyzlary».

— Begenç, haýsy daşary ýurt aýdymçylaryny köp diňleýäňiz?

— Belli biriniň muşdagy däl.

— A türkmen?!.

— Türkmenistanyň halk artistleri Atabaý Çarygulyýew, Öwezgeldi Tekäýew, Jemal Saparowa.

Özüňiziň halamaýan ýagdaýyňyz?

— Ýalançylygy, ýalançylary halamok.

Şu ýylda näçe aýdym döretdiňiz?

— 12 sany. 7 sany aýdymy hem şekile geçirdik.

— Haýsy döwürdeş şahyrlaryň goşgularyny gowy görýäňiz?

— Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň, şahyr Kakamyrat Rejebowyň, Gülşirin Hanowanyň.

— Nähili aýdymlary döretmegi özüňize ýakyn görýäňiz?

— Söýgi aýdymlaryny. Repertuarymyň aglabasy päk söýgini wasp edýän aýdymlar. Her bir ynsanyň kalbyny söýgi gurşap alýar.

— Şu wagta çenli diňleýjilere ýetiren albomlaryňyza näçeräk aýdymlary girizdiňiz?

— Anyk sany ýadymda däl. 100-den köpräk dagy bardyr.

— Iň soňky döreden aýdymyňyz?

— «Wagt üçin däl». Täze ýyl günlerinde köpçülige ýetiriler. Sazy Mekan Kakaýewiňki, sözleri özümiňki.

— Iň gyzykly güýmenjäňiz…

— Alabaýym bar. Galyberse-de, kompýuter programmalarynda sazlary kebşirlemekden, aýdymlary döwrebap görnüşlerde işlemekden lezzet alýan.

— Alabaý?!

— Geňräk eşidilen bolmagy mümkin. Alabaý itleriniň janköýeri. Çyndanam itlerim bar. Olary idedýän, köpeldýän, boş wagtlarym gezim etdirýän.

— Meşhurlaryň nähili içgileri halaýandygy hem gyzykly.

— «Eçiliň» şerbetlerini halaýan.

— Diňleýjileriňize ýetirjek iň soňky täzeligiňiz?

— Şu wagt täze çeper filmiň üstünde işleýäs. Nesip bolsa, täzelige Täze ýyl gijesinde teleýaýlymlarymyzda tomaşa edip bilersiňiz.

— Wagt tapyp, sanly ulgam arkaly söhbetdeşligimize gatnaşandygyňyz üçin sag boluň! Döredijiligiňiz, sungatyňyz diňe üstünliklere beslensin! Baýraklaryňyzyň höwri köp bolsun!

Söhbetdeş bolan Atamyrat ÝAZWELIÝEW.

Annanur Rejebowyň fotokollažy.

Ýene-de okap bilersiňiz

2 Synlar

    1. Salam! TürkmenGazet ýene-de täze proýektleriň üstünde işleýär! Biziň maksadymyz – ýatda däl, ýürekde, ýagny okyjylarymyzyň ýüreginde galmak

Habara syn ýaz

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir

Başa dön tuşu