«Öý bikeler, Siziň üçin», şu sahypamyzy açmak isledik. Çünki Zenanyň ýüregini iň oňat Zenan biler. Zenan ýüregi gözeldir, olar hakynda gürrüňler hem gözeldir.

Elbetde, zenanyň öý içindäki esasy işleriniň biri hem tagam taýýarlamak, nahar bişirmek. Dogrusy her birimiz «Bu gün ertirlige näme taýýarlasamkam» diýip oýlanyşýan bolsak gerek. Säher bilen her kim bir iş bilen gumra bolup, kimsi okuwa gitmek üçin saçyny örýändir, kimisi ala-hasyrdy bolup eşigini geýip ýörendir. Umuman zenan maşgalasy –da säher bilen turandan, ýuwunyp, aşhana geçýär.

Elbet-de ertirlik örän möhüm iýmitleriň biri. Ertirlik hem peýdaly, hem doýuryjy bolmagy zerur. Munuň üçin hem bu gysga wagtda hem janyňa melhem, hem witaminlere baý tagamy taýýarlamak üçin zenanlaryň ugurtapyjylygy gerek. Geliň bu meselede turkmengazet.com saýtynyň maslahatlaryndan peýdalanalyň.

 

Towukly we pomidorly heýgenek

Gerekli önümler: 100 g towuk döşi, 4 sany ýumurtga, 150 ml süýt, 100 g pomidor, 5 g peýnir, dürli otlar, günebakar ýagy (gowurmak üçin), islegiňe görä duz, burç.

Taýýarlanylyşy:

1.Towuk döwşüni duzlamaly we burçlamaly we gowy gyzarýança saçda gowurmaly (her tarapyny 4-5 minut).

  1. Taýyn bolan döşi uzynja edip kesmeli. Şeýle-de pomidorlary ýarym aý şeklinde kesmeli. Peýniri gyrgyjyň iň ownuk gözünden geçirmeli we otlary hem owunjak dogramaly.
  2. Ýumurtga bilen süýdi bir gapda mazaly garmaly we duzuny, burçuny atmaly. Aýlawlary diňe bir tarapa aýlap, mazaly «wençikde» garmaly.
  3. Saja ýag guýmaly we ýagy gyzdyrmaly. Soňra taýýarlan ýumurtgaly garyndyny saja guýmaly. Şeýle-de towuk döşüni, pomidory saja ýerleşdirmeli. 10-15 min orta derejede bişirmeli.
  4. Taýýar bolmagyna 3 minut galanda heýgenegiň üstüne gyrgyçdan geçirilen peýniri we dogralan otlary sepelemeli.

 

Işdäňiz açyk bolsun!

 

 

 

Tags :