Türkmengazet.com döredijilik toparymyz Dokma senagat ministrliginiň Modeller öýünde geçirilen “Bagtyýar zamananyň döwrebap lybaslary” atly baýramçylyk bäsleşigine Daşoguz welaýatyndan bäsleşmäge gelen “Abadan” milli modalar öýüniň ýolbaşçysy, şeýle hem Zenanlar guramasynyň ýanyndaky Işewür Zenanlar birleşmesiniň agzasy Gülnar Meredowa bilen söhbetdeş boldy:

– Men “Abadan” modalar öýünde 27 ýyl bäri zähmet çekip gelýärin. Meniň baş maksadym halypa şägirtlik ýoluny ösdürmek bilen bir hatarda, nusgawy türkmen lybaslaryny häzirkizaman biçüwde tikip, gelin-gyzlarymyzyň isleglerini ýokary derejede kanagatlandyrmak bolup durýar. Gaýynenem bu ugurda maňa ýakyndan ýardam berýär, şeýle hem bu sungatyň inçe syrlaryny öwredip, özüniň halypalyk maslahatlaryny berýär. Şu pursatdan peýdalanyp, “Zenanlar Watanymyzyň buýsanjydyr” diýip zenan tikinçilere giň ýol açyp berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag ömri uzak bolsun.

Biz söhbetdeşligimizi telekeçi zenan, ussat dizaýner Selbi Ýusubowa bilen dowam etdik. Ol bize özüniň döredýän ajaýyp lybaslary, şeýle hem dizaýnerçilik işi barada gürrüň berdi:

– Heňňamlar aýlanyp, asyrlar üýtgese-de, döwür özgerse-de türkmen gelin- gyzlarymyzyň lybaslary şol milligine galýar. Häzirki wagtda türkmen zenanlarymyzyň döwrebap görnüşde millilige ýugrulan lybaslaryny göreniňde gözüň dokunýar.

Gelin-gyzlarymyz milli lybaslarynyň döwrebap görnüşinde hem milliligini ýitirmezden kemala gelmeginde goşandymyň bardygyna begenjimiň çägi ýok. Men bu ugurda köp ýyllaryň dowamynda zähmet çekip gelýärin. Men döredýän lybaslarymda laçyn guşunyň şekilinden ylham alyp, ýitiligini, ýakymlylygyny hem-de nepisligini gazanmaga çalyşýaryn. Men hem bu günki bäsleşige öz döreden gündelik, sport, şeýle hem çaga egin-eşiklerini görkezmäge geldim. Biz dizaýnerler üçin işlemäge, döretmäge giň mümkinçilkleri döredip berýän mähriban Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýaryn.