Kimler bize bile-bile zyýan berýär,

Kimler bolsa niýetimizi ýok edýär.

Jem bolup bize böwet bolsalar hem,

Biz size şonda hem sag bolsun aýdýas!

 

Durmuş sahnasynda şu aktrýorlar bolsa,

Hersiniň roluna düşünip bilerdim.

Dürli rolda ynsan ykbalyny oýnap

Her muşdagyň kalbynda döredýär girdap.

 

Barlygy ýitirmäni bilmeýän bu jan,

Öýkedir-kinäni duýmaýan bu jan

Durmuşdaky ak bagty nädip duýmaly?

Bagyşlap ýene bu bagta nädip ýetmeli?

 

Nädip jemgyýet ösmeli we özgermeli?

Elbetde her ýolda bolmasa erwet ynsan.

Bolmasady olaryň zyýan berýäni,

Dörärdi müňlerçe akyldar ynsan.

 

Erwedi gowluk, tümligi yşyk bilen,

Dolduran ynsana diýýärin gaýtalap:

Bu ähli ýagşylyklar üçin SAG BOLUŇ!

Bolmasaňyz siz, näderdik biz eýýäm!?

 

Terjime eden: Döwletgeldi ILGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Goranmak Ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky harby institutyň V ýyl talyby.