Slide
Türkmengazet ygtybarly habar çeşmesi
www.turkmengazet.com
gyzykly habarlar,täzelikler
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow


BlogGöwün küýsegi

Bäsleşige: Gülşirin Hanowadan Aşgabadyň waspy

Ak bagta badalga gunduz binalaň,

Arşyň nury gözellikden paý saňa.

Al süýt kimin aklygy ak sabalaň,

Bolubilmez asyl-asyl taý saňa,

Seni gören şahyr bolup,

Gürläberer goşgulap,

Aşgabat!

*****

Arkadagyň ylhamyndan dörän sen,

Arzuwly ertekä meňzeýäň aşa.

Aýdym tapar ak ýoluňdan ýöränler,

Aşyklaryň yşgy getirer joşa.

Çünki sen söýgüsiň,

Dälsiň başga zat,

Aşgabat!

*****

Baglaňda bilbilleň ajap mesgeni,

Mukamyndan bahar geler heýjana.

Asmana göterler çaga sesleri,

Watan beslenende şöhrata-şana,

Şükür iller aman,

Ýurdumyz abat,

Aşgabat!

*****

Penjireden ak durnalar bakanda,

Toýnuk gurap, buşlap ajap çagyňy,

Ýene-de aýdymlar joşar jahanda,

Wasp edip Diýary, Arkadagyňy,

Muňa pasyl gonar,

Sazy keşdeläp,

Aşgabat!

*****

Ene ýerde sadap monjuk hamala,

Dür kysmy kamatyň gözleriň nury,

Şan getirip bu berkarar zamana,

Uzasyn eýýama ak ýollaň ugry,

Sen bilen türkmeniň,

Kalp köşgi abat,

Aşgabat!

 

Gülşirin HANOWA,

şahyr.

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com