“Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine”

Talyplyk ýyllarymda Aşgabadyň goýnunda   geçirýän  ajaýyp günlerimiň her biri  özüniň ýakymly ýatlamalary bilen  kalbymda aýratyn orun alýar. Okuwa girenim ýaňy ýalydy, eýýäm okuwymyň üçünji  ýylyny tamamlap barýan. Wagt edil ýaryşdaky pellehana howlugýan ata  meňzeş, töweregine seretmän  uly tizlik bilen çapyp  barýar. Ýöne şonda-da, talyp bolup Aşgabatda bilim alýarkaň, paýtagtymyz öz gözelligi bilen wagtdan hem  öňe geçip owadan keşbini aňyňa we kalbyňa möhür edip basýandygyna göz ýetirýärsiň. Şol pursatlarda kalbyňda dörän ylhamy ele galam alyp joşgunly  beýan etseň ajaýyp eser öz-özünden döreýän eken. Ine-de, “Aşgabadyň ak mermerden kürtesi” atly şu publisistik işim hem şol ylhamly pursatlaryň miwesidir.   

Howa, häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeginde ak şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanan taýýarlyk çärelerini görmek meni-de buýsandyrýar. Aşgabadyň geçen taryhy ýoly barada içimde dörän gyzyklanma,  onuň taryhda eýelän ägirt uly ornuny düýpli öwrenmegime sebäp boldy. Şeýlelik bilen, men bu barada  maglumat ýygnamak üçin Arçabil şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyndaky taryhy kitaplara salgylanmaly boldum. Şeýdip, milli kitaphanamyza  gatnap ugradym. 

Bir gezek Aşgabadyň ak mermerli binalaryny synlap, Arçabil şaýolunyň ugrundan kitaphana  tarap ýöräp barýarkam, owadan bezelen gyzyl kürteli gelniň mähriban ojagyndan çykyp, täze bir  maşgala  ak mermerli ýaşaýyş jaýynyň  gapysyndan girip barýandygyna gözüm düşdi. Özboluşly gözelligi bilen tapawutlanyp, dähedem-dessemläp ýöräp barýan gelni üstündäki gyzyl kürtesi diýseň bezeýärdi. Köpçüligiň içinden ünsümi  özüne çeken  gelin kürtesi kellämi pikir bilen gurşap aldy. Kürte… Kürtä beslenmek. Bu gymmatlyk  biziň milliligimiziň, milli ýörelgelerimiziň dowamat dowamlylygy. Kürtäniň  owadanlygyny synlap, türkmen toýlarynyň bezegi bolup durýandygyna göz ýetirýärsiň. Men bu hakykat babatynda oýlanyp barşyma, başga bir milli hakykata düşünip gidýärin. Edil şol pursat aklymda Aşgabadymyzyň ajaýyp binalarynyň mermer bilen bezelişini hem ak  kürtä meňzetdim. Özünde täsin duýgy döredýän türkmen toýlaryny  milli ketenisiz, gyzyl kürtesiz, gyzmyzy donsuz göz öňüne getirip bolmaýşy ýaly, ak şäherimiz Aşgabady ak mermerli binalaryndan aýry synlap  bolmajakdyna düşünýärsiň. Toý kürtesi türkmen  toýlarynyň bezegi bolýan bolsa, ak şäherimiziň binalarynyň mermeri  onuň toý gününiň bezegidir. 

Seredip otursam, Aşgabadymyzyň ak mermere beslenmeginiň düýp many-mazmunynda, binýadynda kürtämiziňki ýaly  millilik  bar eken-ä. Hormatly  Prezidentimiz özüniň “Arşyň nepisligi” atly kitabynda milliligi hemme zatdan ileri goýýar. Söhbedimizde ýaşuly binagärlerimizden  biri paýtagtymyzyň ak mermere beslenmeginiň sebäbini ykdysady  bähbit bilen düşündirdi. Onuň aýtmagyna görä, jaýlaryň mermer  bilen örtülmek işi binalaryň ozalky döwürlerde bolşy ýaly garşy-garşy suwarylyp, agardylyp, reňklenip durmak zerurlygyny aradan aýyrýar. Şeýlelikde, bu gaýtalanyp durýan abadançylyk işlerine  sarp edilýän çykdaýjylaryň ýükli azalyp, şäher hojalygy  uly ykdysady  peýdalary  gazanýar. Göräýmäge ilkibaşda  binalaryň ak mermere beslenmek işi gymmata düşýän ýaly bolup görünse-de, aradan aýrylyp gidýän yzygiderli çykdaýjylar  bilen deňeşdirilende bu mermerli iş bize  ykdysady taýdan örän  peýdalydyr.

Elbetde, binagäriň mermer we  bu ykdysady peýda barada aýdýanlary bilen ylalaşmazlyk mümkin däl. Emma maňa Aşgabadyň ak mermere  beslenmek işiniň millilikden gözbaş alyp gaýdýan tarapy has ileri görünýär. Adam durmuşynyň dowam etmeginde iň esasy synasy onuň ýüregi hasaplanýan bolsa, Aşgabadyň ýüregi onuň ak mermere örtülen binalarydyr… Binalarymyzyň ak mermerden bolmagy aýratyn tapawutlanýan özboluşly binagärçilik sungatymyzyň bardygyny görkezýär.  Ata-babalarymyzdan gelýän “Ak zat alnyňa ýagşy” diýlen nakyla görä,  halkymyzda ak reňk päkligiň, arassalygyň, alnyň açyklygyny alamatlandyrýar.

Şeýdip, binalaryň ak mermeri  barada pikirlenip barşyma men kitaphana gelip ýetenimi duýman galypdyryn. Onuň gapysyndan girip, adymy bellige aldyranymdan soň  hatar-hatar örülen  kitaplary görüp, özümi kitaplar ummanyna düşen ýaly duýdum. Okajak kitabymy elime alyp, okap başlanymda,  garşymda özüne çekiji at ýazgyly kitap gözüme ildi. Bu  Öwez Gündogdyýewiň  “Aşgabat – keramatly Ärsagyň şäheri”  atly kitabydy. Men Aşgabadyň geçmişi bilen baglanyşykly ilkinji dörän ak öýleriň, şäheriň köne bölegindäki ýollaryň dar we aýlawlydygyny kitapda ýerleşdirilen suratlaryň üsti bilen  göz ýetirdim. Ondaky suratlar şäheriň öňküsinden  ep-esli tapawutlydygyny deňeşdirmäge ýardam berdi. Şol ýyllarda köçeleriň  atlary döwrüň meşhur harby ýolbaşçylarynyň hormatyna atlandyrylýan eken. Şol döwürde peýda bolan ilkinji köçeleriň biri Kuropatkinskaýa (häzirki Magtymguly şaýoly) boldupdyr. Lewaşewskaýa köçesi (häzirki Azady köçesi) köp adamly bolup, harytlar bilen araba kerwenleri irden agşama çenli aýlanýan eken.  Sowet döwründe paýtagtyň baş binagäri bolup işlän Abdulla Ahmedow şäheriň ösmeginde we abadanlaşdyrylmagynda möhüm rol oýnapdyr. Köp binalar, şol döwrüň Türkmenistanyň binagärçiliginiň esasy ugurlarynyň has aýdyň ýüze çykan bezeglerine laýyklykda gurulypdyr.  Umuman, Aşgabadyň taryhy onuň dürli döwürlerdäki ýagdaýy hem-de binagärçilik gurluşygynyň aýratynlygyny özünde jemleýär. Ýöne Aşgabadyň binagärlik çözgütleriniň içinde  iň naýbaşysy bolup,  öňki we soňky  köp ymaratlarymyzyň  ak mermere beslenmegi bolup görünýär. Indi Aşgabat köp gatly ak mermerli jaýlar bilen bezeldi, günde on müňlerçe awtoulag giň gara  ýollaryndan geçýär. Häzirki zaman Aşgabady tylla Günüň ýagty saçýan şöhlesine, ak merjene deňelýändigi düýbünden dogry. 

Ine, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem  Aşgabat özüniň 140 ýyllyk toýuna mermere bürenen ak kürtesini üstüne atyp, täze ösüşlere tarap ynamly öňe barýar. Güneşli Aşgabadyň ýalkymy  dünýäniň jahankeşdelerini özüne çekýär. Sebitiň binagärlik merjenine öwrülen Aşgabat bu gün dünýä jemgyýetçiligiň ýokary bahasyna mynasyp bolýar. Munuň mysalynda, 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabadyň dünýäde ak mermerli  binalaryň iň köp gurlan şäheri hökmünde  Ginnesiň rekordlar kitabyna girendigini, şäherde ilkinji rekord eýesi bolan Döwlet baýdagymyzyň  Baýdak sütünini (133 metr),  2010-njy ýylda  “Oguzhan we onuň ogullary” çüwdürim toplumyny (14,82 gektar meýdanda 26 kompozisiýa), 2011-nji ýylda, ýazgy gutusy teleýaýlym we radio merkeziniň binasynda Oguzhan ýyldyzy bilen doldurylandygyny aýtmak bolýar. Şäheri alamatlandyrýan bina hem ünsden düşürilmedi: 2016-njy ýylda Aşgabat halkara howa menziliniň iň uly haly bezegleri (705 inedördül metr) bilen Ginnesiň kitabynda aýratyn orun aldy. Şeýle-de, 2017-nji ýylda birbada ikisi: Olimpiýa stadionynda dünýäniň iň uly at nyşany we Olimpiýa toplumynyň iň uly ýapyk howzyny hem  bellemek bolýar. Umuman,  2008-nji ýyldan bäri, her ýyl Ginnesiň Rekordlar kitaby elmydama türkmenleriň paýtagty tarapyndan özboluşly binagärlik ýazgylary bilen täzelenýär. 

Howa, Aşgabadymyzyň binagärlik çözgütleriniň ençemesi Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ýöne bu ajaýyplyklarymyzyň içinde 2013-nji ýylda Aşgabadyň dünýäde ak mermerli  binalaryň iň köp gurlan şäheri hökmünde  Ginnesiň rekordlar kitabyna girendigini  buýsançly bellemek maňa has ýakyn görünýär. Şol  ýyldan bäri ýurdumyz  her ýyl Aşgabat şäheriniň  gününi 25-nji maýda uly dabara bilen belleýär. Aşgabat gülläp ösüşiň paýtagty hökmünde täze üstünliklere barýar. Taryhda yz goýjak täze sahypalar  entäk  öňde, sebäbi ösýän Aşgabat jadyly uçuşyny dowam etdirýär. 

Ynha bu günem ajaýyp şaýolundan ýöräp barýarkam öňki garşylaşan toý kürtesinden has owadan bezelen geline gözüm düşdi. Şol pursatda men ýene-de Aşgabadyň toý gününi bezeýän binalarynyň ak mermere beslenişine guwançly  bakýaryn. Ine şu pursat: “Aşgabadyň ak mermerden kürtesi” diýip pyşyrdanymy duýman galýaryn.

Goý, biziň paýtagtymyzy sazlaşykly gözelliklere, ak mermerli belent binalara, sebitde deňi-taýy bolmadyk ymaratlara besleýän Mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli başlangyçlary rowaç bolsun!

                                                                                                       

Gözel EMINOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler munistrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.