Basketbol – XIX asyryň ahyrlarynda dörän, sportuň beýleki görnüşlerine meňzeş bolmadyk dünýä meşhur oýunlaryň biri hasaplanylýar. Bu oýun ilkinji gezek Amerikada döräpdir. 1891-nji ýylda kanadaly mugallym Jeýms Neýsmit ABŞ-nyň orta hünär mekdepleriniň birinde işleýän eken. Ol sapakda okuwçylaryna gimnastika öwretmegiň ýerine topara bölüp oýun oýnadypdyr. Jeýms Neýsmit sport zalynyň her tarapyna sebet birikdiripdir, toparyň oýunçylary hem öz garşydaşynyň sebedine topy zyňmaly. Haýsy topar topy köp geçirip bilse, şolar hem ýeňiji hasaplanypdyr. 1892-nji ýylyň ýanwar aýynda Jeýms Neýsmit şol oýunyň düzgünlerini ABŞ-nyň gazetlerinde çap etdiripdir. Şeýlelikde, bu oýun köp adamyň,esasan, okuwçylaryň, talyplaryň ünsüni özüne çekip başlaýar we birnäçe basketbol guramalary we assosiýasiýalary döredilipdir.

Basketbol oýny ilki futbol topy bilen oynalypdyr. 1929-njy ýylda ilkinji basketbol topy döredilipdir. Ilkinji döredilen top goňur reňkde bolupdyr. 1936-njy ýylda bolsa Berlinde basketbol boýuça ilkinji Olimpiada çempionaty geçirilipdir. 1946-njy ýylda Kanadanyň Toronto şäherinde basketbol topunyň täze görnüşi döredilýär. 1950-nji ýylda bolsa goňur reňkden mämişi reňke üýtgedilýär. Ikinji jahan urşundan öň basketbol oýny diňe ABŞ-da giňden tanalypdyr, uruşdan soňky ýyllarda bolsa bütin dünýäde tanalyp başlaýar. 1980-nji ýyllarda bolsa telewideniýäniň kömegi bilen has hem meşhurlyk gazanyp başlapdyr.

Dünýäde iň uzyn boýly basketbol oýunçysy Süleýman Aly Naşnun bolup, onuň boýy 2.45 santimetre barabardyr. Iň gysga boýly basketbol oýunçysy bolsa  Magsi Bogz bolup, onuň boýy 1.60 santimetr.

NBA (National Basketball Association) – Demirgazyk Amerikanyň dünýä belli basketbol guramasy. Ol  1946-njy ýylyň 6-njy iýunynda esaslandyrylýar. Onuň ýolbaşçysy Adam Silwer.  NBA  öz içine birnäçe basketbol toparlaryny alyp, onuň oýunçylary hem ýer ýüzünde  örän meşhurdyr. Muňa mysal edip Maýkl Jordany getirmek bolar. Ol toparda oýnan döwründe iň köp aýlyk alýan oýunçy hasaplanyp, ýylda  350 million dollar gazanypdyr. 2010-njy ýyl NBA üçin iň şowly ýyllaryň biri bolup, şol ýylda olar  3,8 milliard dollar gazanmagy başarypdyrlar.

Basketbol oýny bütin dünýäniň köpsanly mekdeplerinde bedenterbiýe sapagynyň meýilnamasyna girizilendir. Sebäbi futbol, woleýbol ýa-da beýleki oýunlara seredeniňde  basketbol has hem gyzykly hasaplanylýar. Bu oýun oglanlar hat-da, gyzlar tarapyndan hem söýlüp oýnalýan oýunlaryň biridir.

 

Aşyr SAPAROW,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.

Tags :