Slide
Ygtybarly habar çeşmesi
TÜRKMENGAZET
www.turkmengazet.com
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow
Sagdyn durmuşSlider

Bala garylan nar iýmegiň 6 sany artykmaç peýdasy

Ibn Sinadan maslahatlar

Lukman Ibn Sina maslahatlarynyň birinde bala garylan nar iýmegiň saglyk üçin örän peýdalydygyny aýdýar.

Nar – immun ulgamyny güýçlendirip, bizi köp kesellerden, esasanam düwnük keselinden goraýar. Witaminleriň, polifenollaryň, antosýaninleriň we taninleriň üsti bilen holesterini we şekeri deňleşdirýän nar, diňe bir ýürek-damar saglygymyzy goraman, eýsem, düwnük öýjükleriniň ösmeginiň hem öňüni alýar.

Lukman alym Ibn Sina, «Al-Kanun fi’t Tibb» atly kitabynda nar bilen baly garyşdyryp iýmegi tabşyrýar. Şeker, organiki kislotalar, witaminler, fol turşusy, minerallar, aminokislotalar, sterollar, fosfolipidler, falwonoidler, polifenollar we fermentler bolan bal iň tebigy antibiotikdir.

  1. Bala garylan nar ilki bilen bokurdak ýokançlyklaryndan gutulmaga kömek edýär.
  2. Nara bal guýup, ony iýmek ýürek bulanmasyndan ejir çekýänler üçin has peýdalydyr.
  3. Aşgazan spazmlaryna rahatlandyryjy täsir edýär.
  4. Nar, bal bilen iýilende içegäniň işleýşiniň kadalaşdyryjy täsirini ýokarlandyrýar.
  5. Içege kesellerinden, esasanam içegäniň düwnüklerinden goraýar.
  6. Nar däneleri bilen garylan bal ýaralaryň tiz bejeriş güýjüne eýe bolýar.

«TürkmenGazet».

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

E-mail hasabyňyz paýlaşylmaz.

Başa dön tuşu