Slide
Ygtybarly habar çeşmesi
TÜRKMENGAZET
www.turkmengazet.com
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow
SliderSöz içinde gelin-gyzlar bolanda...Trend we gözellik

Bagt pulda däl: söýgüde bagty çüwmedik meşhur zenanlar

Baý we meşhur bolmagyň özi, megerem, ýeterli däl bolsa gerek. Sebäbi dünýäde hiç bir pul bagtyň ýerini tutup bilmeýär. Munuň subutnamasy hökmünde-de söýgüde bagty çüwmedik meşhur zenanlaryň birnäçesini ýada salalyň:

Pamela Anderson

Tommi Li, Kid Rok, Rik Salomon — bularyň hemmesi Pamela Anderson bilen durmuş guran erkekler. Hatda Rik Salomon bu aktrisa bilen iki gezek durmuş gurýar. Pamela Anderson karýerasy babatynda öz ýetmek islän derejesine ýetmek isläp, hiç wagt erkekleriň ünsüni özüne çekmegi başarmandyr. Şeýlelikde, Rik Salamon bilen agzybir maşgala gurup bilmändir.

Andersonyň nobatdaky ýanýoldaşy futbolçy Odil Ramini fiziki zorlukda we jenaýat etmekde aýyplanyp onuň bilen aýrylyşýar. Soňra bolsa ol öz tansçysy Dan Heýhurst bilen durmuş gurýar. Toýundan 13 aý geçenden soň, onuň bilen hem gatnaşygyny kesýär.

Naomi Kempbell

Model meşhur adamlaryň birnäçesi bilen tanşyp görüşipdir. Olaryň birnäçesine ser salyp görsek Maýk Taýson, Silwester Stallone, Erik Klapton, Robert de Niro, Flawio Briatore, Adam Kleýton hat-da rus oligarhy Wladislaw Doronin ýaly meşhur adamlar bar.

Naominiň diňe ispan tansçysy Hoakin Kortes bilen uzak möhletli gatnaşygy bolupdyr, ýöne resmi taýdan nikadan geçip durmuş gurmandyrlar. Ýakynda 50 ýaşy dolan model täze dünýä inen gyzyny hem tanyşdyrdy.

Rene Zellweger

“Brigit Jonesiň gündeligi” filminiň ýyldyzy uzak möhletli romantika kanagatlanyp bilmeýär. Onuň söýgi gatnaşyklary örän tiz wagtda tamamlanýar.

Aktrisanyň sözlerine görä, ol hiç wagt erkekler bilen nädip aragatnaşyk saklamalydygyny bilmändir. Rene hakyky söýgä hiç haçan ynanmandyr. Maşgala gurup biljekdigi barada umyt hem etmändir.

Lindseý Lohan

Lindseý Lohan diňe bir daşky keşbiniň owadanlygy bilen däl, eýsem, filmlerde janlandyran keşpleri arkaly, şeýle-de özüniň dürli meselelere goşulmak häsiýeti bilen hem tanalýar.

Aktrisanyň durmuşynda ýene bir möhüm mesele bar. Ýagny bu mesele onuň romantik gatnaşyklary saklap bilmezligi. Häzirki wagta çenli onuň söýgi babatyndaky gatnaşyklarynyň ählisiniň soňy şowsuz tamamlanýar.

Meg Raýan

2001-nji ýylda aktrisa bagyşlap bolmajak düşünişmezlikler sebäpli adamsy bilen aýrylyşýar. Şondan bäri hem öz arzuwyndaky söwer ýaryny tapmagyň ugrunda. Gynansak-da, ýyllar geçdigiçe Meg henizem ýalňyz we bagtsyz. Geçiren şowsuz plastik operasiýasynyň netijesinde, aktrisanyň ýüzüniň ýagdaýy bir maska ýaly görünip, ​​onuň özüne bolan ynam duýgusyny ýitirmegine sebäp bolýar.

Koko Şanel

Hakyky ady Gabriel Şanel ýöne Koko Şanel ady bilen tanalýan meşhur zenanyň  ýeke-täk söýgülisi Artur Kapldy. Emma ol durmuşda haýsydyr bir zady gazanýança onuň bilen bile bolmaly däl diýen karara gelýär.

Ýaş ýigit oňa garaşmakdan ýadapdyr. Şeýdibem ýokarky gatlakly aýal Diana Lister bilen durmuş gurmak isleýär. Emma Kapl Diana bilen durmuş gurandan soňam Gabrieli söýmegini dowam edýär. Artur Kapl 1919-njy ýylda aradan çykýar we şol wagt Koko Şaneliň özi rowaýata öwrülen gara köýnegi döredýär. Soňra Gabrieliň hem wagtlaýyn gatnaşyklary bolup geçýär, ýöne meşhur aýal soňky günlerini ýalňyzlykda geçiripdir.

«TürkmenGazet».

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

E-mail hasabyňyz paýlaşylmaz.

Başa dön tuşu