Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz gülzara beslenen eziz Watanymyzy mundan beýläk-de bagy-bossanlyga öwürmek üçin taýsyz tagallalary edýär. Ýurdumyzda saýaly we miweli agaçlary ösdürip ýetişdirmek baradaky işler günsaýyn ilerleýär. Eziz Arkadagymyzyň başda durmagy bilen diýarymyzy jennet mekana öwürmekde alyp barýan işleri barada ýakyndan tanyşmak üçin Tokaý hojalyk müdirliginiň başlygy Şamämmet SARYHANOW bilen söhbetdeş bolduk.

– Şamämmet aga, okyjylarymyza ýurdumyzy şol sanda ak şäherimiz Aşgabady bagy-bossanlyga öwürmekde alyp barýan işleriňiz barada we Tokaý hojalyk müdirligi barada gürrüň beräýseňiz!

– Millionlarça bag-nahallary bilen ýurdumyzyň gülzara öwrülmegine uly goşant goşýan Tokaý hojalygy müdirligimiz 1998-nji ýylda “Gök guşak” paýdarlar jemgyýeti ady bilen döredildi. 2009-njy ýylda bu at “Tokaý hojalygy” ady bilen çalşyldy. “Bag ekmek dünýäniň bakylygyna goşant goşmakdyr” diýän Gahryman Arkadagymyz her ýyl ýurdumyzda bag-nahallarynyň millionlarça düýbüni ekmek bilen bagly Karara gol çekýär. Şonuň bilen baglylykda, biziň zähmetkeş bagbanlarymyz geçen 2020-nji ýylda jemi 25 million dürli bag-nahallaryny ekip, ýyllyk meýilnamany doly ýerine ýetirildi.

– Müdirligiňiz tarapyndan ekilýän baglar we bag-nahal tohumlary hem öz tokaý hojalyklaryňyzda ýetişdirilýärmi?

– Hawa, bizde ekilýän bag-nahallaryň we tohumlarynyň ählisi hem özümizde ýetişdirilýär. Tokaý hojalygymyzda şu ýyl üçin 2 ton 480 kilogram pürli baglaryň tohumy, 2350 kg ýaprakly baglaryň, 15 ton çöl ösümliginiň tohumy taýýarlanyp jemi müdirlik boýunça 19730 kilogram tohum taýýarlanyldy.

– Şamämmet Saryhanow, okyjylarymyza Tokaý hojalygy müdirligiňizde zähmet çekýän işgärleriňiz we olaryň zähmet üstünlileri dogrusynda hem gürüň beräýseňiz!

-Biziň tokaý hojalygymyzda ekilýän baglar ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrylyp ekilýär. Mundan ussat bagbalarymyzyň paýy örän ulydyr. Bagbanlarymyzyň yhlasly tagallalary bilen her ýylda millionlarça bag-nahallary ekilip, ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Tokaý hojalygy müdirligi ýurdumyzyň welaýatlaryndaky we paýtagtymyzdaky bölümlerinde jemi 500 sany işgär zähmet çekip, müdirligimiziň merkezi edarasynda bolsa, 16 sany işgär işleýär. Edaramyzyň “oba hojalyk” bölüminiň bagbanlary baglaryň ýetişdirilişine, tohumlaryň taýýarlanyşyna şeýle hem ministrlikleri we pudak edaralaryny dürli bag-nahallary bilen üpjün etmek işi bilen meşgullanýarlar. Tokaý hojalygy müdirligimiziň agzybir işgärleri emeli “Awaza” derýasynyň iki tarapynda 53 ga ýerinde tokaý zolaklaryny döretdiler. 2013-2020-nji ýyllarda Araldan gelýän duzly tozany saklamak üçin Daşoguz welaýatynyň Bötendag belentliginde 20 müň ga ýere 8320 düýp sazak nahallaryny ekdiler. Bu abraýly işlerde öz işine ussatlygy bilen ähli bagbanlara görelde bolan Guwançmyrat Saryýewi, Sapar Mämmetnazarowy, Ysmaýyl Taganowy we Annamuhammet Ommadow ýaly ezber bagbanlarymyz jan aýaman zähmet çekýärler. Zähmet üstünliklerinden ruhlanyp işleýän edaramyz döwlet derejesindäki geçirilýän çärelerde, sergilerde hormat-sylaga mynasyp bolýar. Muňa mysal edip, 2015-nji ýylda geçirilen sergide “Tokaý hojalygy” müdirligimiz hormat haty bilen sylaglanandygyny aýtmak bolar.

-Edaraňyz daşary ýurtlar bilen hem hyzmatdaşlyk saklaýarmy?

– Elbetde, gün-günden ösüp, ady dünýä ýaňsalýan watanymyz ähli pudaklarda hem giňden tanalýar. Şol sanda biziň Tokaý hojalygy müdirligimiz hem daşary ýurtlar bilen aragatnaşygy saklaýar. Häzirki wagtda dünýäniň Türkiýe, Hytaý ýaly ýurtalary bilen bag-nahal taslamalary babatda ýakyndan gatnaşyk edýär.

– Söhbetdeşligimiziň ahyrynda ýürek buýsançlaryňyzy okyjylarymyza ýetiräýseňiz!

Biz mundan beýläk hem ýurdumyzyň we eziz paýtagtymyzyň dünýä derejesinde ajaýyp, abadan, lälezar bolmagy ugrunda ähli ukyp başarnyklarymyzy gaýgyrmarys.Goý. ýurdumyzy baky bagta ýetiren mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

-Gyzykly we täsirli beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Size işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýäris!

 

Gülşat ÇETILIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.