Slide
Türkmengazet ygtybarly habar çeşmesi
www.turkmengazet.com
gyzykly habarlar,täzelikler
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow


HabarlarSport

«Aziýanyň çagalary»: Türkmenistan 9-njy orunda

«Aziýanyň çagalary» VII halkara sport oýunlarynda ýedi gün dowam eden ýaryşyň netijelerine görä, 8 medal (2 altyn, 1 kümüş we 5 bürünç) gazanan Türkmenistanyň topary medala mynasyp bolan 16 toparyň arasynda 9-njy orny eýeleýär. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Sportuň 19 görnüşi boýunça oýunlaryň 273 medal toplumy ugrunda 12 ýurtdan we Russiýa Federasiýasynyň 8 sebitinden gelen türgenler bäsleşýärler. Russiýa Federasiýasynyň Primorsk sebitiniň milli ýygyndysyndan iki topar gatnaşýar.

Oýunlara Türkmenistanyň toparynda sportuň dokuz görnüşi: 3×3 basketbol, boks, göreş, ýeňil atletika, stol tennisi, suwda ýüzmek, sambo, sport göreşi (grek-rim we erkin usul) we ýaý atmak boýunça medal ugrunda bäsleşýän 62 türgen gatnaşýar.

«Aziýanyň çagalary» VII halkara sport oýunlary 8-nji awgustda tamamlanar.

«TürkmenGazet».

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com