Taýýarlan: Atageldi Annagylyjow.

1. Ak-gyzyl reňkli Şwin kompaniýasynyň tigiri Muhammediň boks sportuny saýlamagyna sebäp bolýar.

Muhammet  Aly 1954-nji ýylda ýagny ol 12 ýaşyndaka tigirini ogurladýar. Ol bu habary öz ýaşaýan Luizwille şäherindäki polisiýa işgäri Jo Martine ýetirýär we ogryny tapan badyna ony ýençjekdigine söz berýär. Martin bolsa boks boýunça tälimçem eken, ol gamgyn ýaş ýigide ilki nädip uruşmaklygy öwrenmegiň zerurdygyny aýdyp, ony öz ýanyna boks bilen meşgullanmaga çagyrýar. Şondan alty hepde soň Aly boksda ilkinji ýeňşini gazanýar.

 

2. Aly diňe bir boksçy däl, eýsem ol gahryman.

1981-nji ýylda Los-Anjelesdäki Mirekl Maýl diýlip atlandyrylýan ýerde bir adam özüni binanyň dokuzynjy gatyndan oklap janyna kast etjek bolýar. Ýagdaý gaty kynlaşýar, binanyň aşagynda mähelle bary üýşýär. Şol wagtky pursaty synlap duran Muhammediň dosty Goward Binham derrew Ala jaň edýär. Muhammet Aly hem şol töwereklerde ýaşaýar eken. Aly derrew wakanyň bolýan ýerine baryp, binaň içine girýär-de, janyna kast etmekçi bolan adam bilen gürleşýär we ony niýetinden döndürip halas edýär.

3. Aly boksdan üç ýyl çetleşdirilýär.

1967-nji ýylda, Wýetnam urşunyň gyzyşan döwürleri Muhammet Aly özüniň gulluk borjuny ýerine ýetirmekden ýüz dönderýär. Çempiony bu hereketi sebäpli kanun esasynda boksdan çetleşdirýärler. Onuň boks boýunça söweşmek ygtyýarnamasyny bolsa, Nýu Ýork şäheriniň boks komiteti tarapyndan güýjüni ýitiren diýlip yglan edilýär. Mundan başga-da, oňa 10,000 amerikan dollary möçberinde jerime salynýar. Hernäme bolsa-da, 1970-nji ýylda Nýu Ýork şäheriniň Ýokary Kazyýeti onuň söweşmek ygtyýarnamasyny täzeden dikeldýär. Aly şol ýylyň oktýabr aýynda üç ýyllyk arakesmeden soň ilkinji gezek ringe çykyp Jerri Kworany nokaut bilen bilen ýeňýär.

4. Aly diňe bir boksçy däl, ol aýdymam aýdýar.

Kyrk üç aýlap söweş ringinden çetleşdirilen türgen ömrüniň bu pursatlaryny aýdyma bagş edýär. Ol «Buck White» diýlip atlandyrylýan aýdym-saz toparyna goşulýar we gysga wagtda ol toparyň esasy baş ýerine ýetirijisi bolýar. Olaryň ilkinji aýdym-saz sahnasy 1969- njy ýylyň 2-nji dekabrynda Nýu Ýorkdaky meşhur Broadwaý köçesinde ýerleşýän «George Abbott» teatrynda geçirilýär. Emma olaryň topary bary ýogy ýedi çykyşdan soň ýapylýar. Emma Aly bu gysgajyk çykyşlarynda tomaşaçylaryň göwnünden turup bilipdir. Onuň aýdyň mysaly meşhur “Nýu Ýork Taýmz” žurnalynyň habarçylarynyň biri onuň aýdym aýdyşyna «Ol aýdymy haýaljakdan, özboluşly mylaýym äheňi bilen aýdýar. Ol hiç-hili ýaýdanmazdan sahnada özüni erkin alyp barýar. Onuň sahnadaky hereketi öz agraslygy bilen utgaşýar. Alynyň özüne buýsanmaga haky bar» diýip ýokary baha beripdir.

 

5. Alynyň altyn medaly derýanyň düýbünde bir ýerlerde ýatyr.

Muhammet Aly 18 ýaşynda orta mekdebi tamamlap, şol ýyl hem Rimde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga mümkinçilik gazanýar. Ol orta-agyr agram boýunça bäsleşip altyn medala eýe bolýar. Ýaryşdan öz şäherine dolananda şäherdäki garaýagyz adamlaryň näräzylyk bildirip döreden gozgalaňyna gatnaşýar. Ol 1975-nji ýylda özüniň awtobiografiýasynda «Men şol gozglaňda garaýagyz adamlara edilýän adalatsyzlyklara garşy çykyş etdim we öz medalymy köprüden Ohaýo derýasyna zyňdym» diýip ýazypdyr.

6. Alynyň asly irlandiýaly eken.

Bu habardan soň türgeniň diliniň çeperligi gaty geňem däl, sebäbi onuň garry babasy Abe Greýdiniň asly irlandiýaly eken. Soň ol Amerika göçüp gelip Kentuki ştatynda ymykly ornaşmaga karar berýär. Onuň agtyklarynyň biri Muhammet Alynyň ejesi Odesse Liý Kleýdir.

7. Muhammet Alynyň finalda geýen elligi oňa öz ýeňşindenem köp girdeýji getirdi.

Aly Listony final duşuşygynyň ýedinji döwünde tehniki nokaut bilen ýeňip, ilkinji gezek agyr agram boýunça çempion bolupdy. Bu wakadan elli ýyl soňra bir näbelli satyn alyjy onuň finalda şol geýen elliklerini 836,000 amerikan dollaryna satyn alypdyr. Alynyň özi bolsa, şol söweşde ýeňeni üçin 630,000 müň amerikan dollaryny gazanypdy.