Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Göwün küýsegi

Az işlemek netije berdi

21-07-2021 / 5092

Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň köp ýur­tlaryn­da iş­gär­le­riň has ön­jeý­li we ne­ti­je­li zähmet çekmekleri üçin dür­li ýe­ňil­lik­ler dö­re­dil­ýär, tä­ze tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da alymlar adam­la­ryň has az iş­län­le­rin­de ön­jeý­li bol­jak­dy­gy­ny öňe sür­ýär­ler. Bu taslamany iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çi­rip gö­ren bir­nä­çe ýurt­larda oňyn ne­ti­je alyn­dy. Go­laý­da bol­sa Is­lan­di­ýa­da bu ugur­da­ky iň uly tej­ri­be ge­çi­ril­di. Oňa 2500-den gow­rak adam gat­naş­dy. Iş­gär­le­riň zäh­met ha­ky azal­dyl­maz­dan, iş wag­ty gys­gal­dyl­dy. Ne­ti­je­de, ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len işiň azal­man­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Tej­ri­bä gat­na­şan­la­ryň hep­de­lik iş wag­ty 35-36 sa­ga­da çenli gysgaldyldy.

«In­de­pen­dent» ne­şi­ri­niň ha­ba­ry­na gö­rä, Ang­li­ýa­nyň «Au­to­no­my» şe­re­ke­ti bi­len Is­lan­di­ýa­nyň «Al­da» jem­gy­ýe­ti­niň ge­çi­ren sel­jer­me­sin­de tej­ri­bä gat­na­şan iş­gär­le­riň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň ýo­kar­la­nan­dy­gy anyk­la­nyp­dyr.

Merjen ÝAZLYÝEWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň 

žurnalistika hünäriniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com