Slide
Türkmengazet ygtybarly habar çeşmesi
www.turkmengazet.com
gyzykly habarlar,täzelikler
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow


Habarlar

«Aýdyň gijeler»: 14 müň planşet ilat ýazuwynda ulanylar

Häzirki wagtda «Aýdyň gijeler» ýazgyly dürli elektron enjamlary ýurdumyzyň içerki bazarlarynda barha uly meşhurlyk gazanýar. Olara daşarky bazarlarda-da isleg bildirýärler. 

20-21-nji sentýabrda Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen sergä  «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti özüniň birnäçe önümleri bilen gatnaşdy. Sergä gatnaşan hojalyk jemgyýetiniň wekili «Türkmenistan» gazetiniň habarçysyna beren interwýusynda özleriniň alyp barýan işleri barada gürrüň berip: «Şu günler bolsa hünärmenlerimiz Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň buýurmasy esasynda üç goragly has ygtybarly planşetleriň önümçiligini güýçli depginde alyp barýarlar. «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti tarapyndan düzülen planşetleriň 14 müňüsi şu ýylyň dekabrynda geçiriljek Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynda giňden peýdalanylar» diýip belläpdir.

Diýmek, munuň özi ýurdumyzda sanly tehnologiýalaryň mümkinçilikleri ulanylyp geçirilen ilkinji ilat ýazuwy bolar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com