Ýöremeli ýollarym kän, kert ine!

Ýazýan, pozýan, olam süýji dert-ine!

Uçradym men yşgyň agyr derdine,

Habaryň barmy?

 

*****

 

Ýagyş ýagýar- hyýallarym ezildi,

Gözýaşlarym bir hatara düzüldi,

Men ýüreksiz ýaşap ýörün- üzüldi,

Habaryň barmy?

 

*****

 

“Toba!” diýsin, Hak bereniň az bilen,

Söýüpdim men seni ýürek, aň bilen,

Söhbet kylýan indi diňe Aý bilen,

Habaryň barmy?

 

*****

 

Ömür geçip gitse, gitsin ýel ýaly,

Açylaryn ýene-de men gül ýaly,

Ýöne häzir ýaşap ýörün güň ýaly,

Habaryň barmy?

 

*****

 

Ömür diýer, bir gün: “Ahy:r boldum men”,

Yşgyň ýollarynda zahyr boldum men,

Ýaza-ýaza ahyr şahyr boldum men!

Habaryň barmy?

 

Ogultäç ORAZTAGANOWA,

şahyr.