
Awgust aýynyň soňky hepdesi Türkmenistanda salkyn gijelere we güneşli günlere garaşylýar. Çaklamalara görä, ýurdumyz boýunça howanyň ortaça temperaturasy +37 gradus bolar.
Aşgabatda açyk howa dowam edip, temperatura hepdäniň başynda gündizlerine +28…+30 töweregi, hepdaniň ahyrynda gündizlerine +33…+35, gijelerine bolsa howanyň temperaturasy +15…+17-den +20…+22 gradusa çenli salkyn bolar.
Ahal welaýatynda güneşli howa bolup, az-owlak şemal öwser. Howanyň temperaturasy gündizlerine +27…+32, gijelerine +14…+19 gradus bolar.. Dynç günleri howanyň temperaturasy +36 gradusa çenli gyzar.
Balkan welaýatynda şemally howa bolup, temperatura gündizlerine +32…+37, gijelerine hem +19…+24 gradus bolar. Kenar ýakalarynda howa +29… +34 gradus bolar.
Mary welaýatynda ýuwaş şemally, gündizlerine +27…+32 gradus, gijelerine bolsa howanyň temperaturasy +13…+18 gradusa çenli peseler. Hepdäniň ahyrynda howa gündizlerine +35 gradusa çenli gyzar.
Lebap welaýatynda howa gündizlerine +28…+32, gijelerine hem +13…+18 gradus bolup, dynç günleri +31… 36 gradusa ýeter. Şemal öwüsmegi ähtimal.
Daşoguz welaýatynda açyk howa bolup, temperatura gündizlerine +27…+32, gijelerine bolsa +13… +18 gradus bolar. Hepdäniň ahyrynda gündizki temperatura +35 gradus bolar.