Slide
Türkmengazet ygtybarly habar çeşmesi
www.turkmengazet.com
gyzykly habarlar,täzelikler
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow


Futzal hakynda bileýin diýseňiz…

Futzal barada düşünje

Futzalyň döreýşi barada dürli taryhy çeşmeler bar. Futzalyň taryhyna bagyşlanan işlerde onuň XX asyryň 30-njy ýyllarynda Günorta Amerikada dörändigi barada aýdylýar. Sportuň futzal görnüşi boýunça geçirilýän dünýä çempionatlarynda Braziliýanyň üstünlikli çykyş edýändigi onuň ussatlarynyň Günorta Amerikada ýaşaýandygyny aýtmaga esas berýär. Bu oýnuň taryhy boýunça ylmy iş ýazan alym Denis Kulakowyň maglumatlarynda, futzaly köp ýyllardan bäri Braziliýada oýnap gelenem bolsalar, ilkinji tejribe duşuşygy 1958-nji ýylda Wenada guralypdyr. Onuň düzgünleri işlenilip, biragyzdan tassyklanýança ýene-de 40 ýyl gerek bolupdyr. Diňe 1988-nji ýylda futzalyň düzgünleri tassyklanylyp, 1989-njy ýylda FIFA tarapyndan ikinji dünýä çempionaty geçirilipdir.

Hatda degişli çeşmelerde futzaly ilkinji esaslandyran şahsyň adynynyň tutulmaýandygyna hem şaýat bolduk. Ýöne onuň Ýewropa ýaýramagyna Awstriýanyň futbol ýygyndysynyň tälimçisi sebäp bolupdyr diýlip maglumat berilýär. Ol 1958-nji ýylda Şwesiýada guralan futbol boýunça dünýä çempionatynyň geçýän döwri tejribe alyşmak maksady bilen, Braziliýanyň ýygyndysynyň türgenleşigine syn etmäge barypdyr. Şol wagt olar iki topara bölünip, ýapyk sport toplumyň içinde futbol oýnaýan ekenler. Ol watanyna gaýdyp gelensoň, ýurduň çäginde birnäçe gezek bäsleşikler gurapdyr. Şondan soň futzal Ýewropa we beýleki yklymlara ýaýrapdyr.

Futzal nähili oýnalýar?
Sportuň futzal görnüşi bir asyra golaý wagt bäri bellidir. Onuň meýdançasynyň boýy 36-40 metre, ini 18-20 metre deňdir. Her toparda 5 adam meýdança çykyp, olaryň biri derweze goraýar. Galany bilelikde hüjüm edip, hemmesi bilelikde goranýar. Derwezäniň ini 3 metre, boýy 2 metre barabar bolýar. Her bir oýun iki döwürden ybarat bolup, olaryň her biri 20 minut dowam edýär.

 

Gözel EMINOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com