Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Atajan Berdiýew hem operada hem teatrda…

28-06-2021 / 5121

BILBIL GÜLÜŇ AŞYGY

Ýurdumyzda geçirilýän Medeniýet hepdeliklerinde sungat ussatlarynyň täze opera oýnuny sowgat etmegi, indi däp bolup galdy. Bu gezek Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artistleri “Gül-Bilbil” atly operasyny taýýarlap, ýurdumyzyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe sowgat etdiler. Dessanda söýgi temasy öňe sürlüp, Nasyr şanyň ogly düýşünde perizada—Güle aşyk bolýar we öz söýgüsine kynlyk bilen gowuşýar.

24-nji iýunda Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda täze operanyň ilkinji görkezilişi boldy. Tomaşaçylar bu oýny gyzgyn garşyladylar. Opera oýnunda baş gahrymanlaryň, ýagny Bilbiliň keşbini Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew, Gülüň keşbini belli opera aýdymçysy Leýli Ökdirowa ýerine ýetirdiler. Şeýle-de, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Bibijemal Amanowa Terkem Begimiň, Tirkeş Mätnazarow Zaguzaganyň keşplerini ussatlyk bilen janlandyryp, tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldular.

Ýeri gelende, sahna bezeginiň hem-de artistleriň egin-eşikleriniň ýokary derejededigini bellemek gerek.

 

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com