Slide
Ygtybarly habar çeşmesi
TÜRKMENGAZET
www.turkmengazet.com
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow
Göwün küýsegiHabarlar

Aşyga hat

Awtory: Gülşirin HANOWA.

 

Bar zatda gara bagtym,
Garpyz ýardym, ak çykdy.
(Halk döredijiliginden)

Alma atdym, nar geldi,
Köýnek biçdim, dar geldi.
Kölge düşdi üstüme,
Öýe girdim, ýar geldi.

Yşk çolaşdy kelebe,
Döndüm galdym Seneme.
Barabilmen, Garybym,
Habar ýetdi eneme.

Baý göwni zerde galdy,
Magşugyň derde galdy.

Getirsinler ýüregmi,
Duşuşyk ýerde galdy.

Süýji-süýji sözleme,
Syrly-syrly gözleme.
Buýra saç, kelte ýigit,
Söýýäniňi gizleme.

Müň ýokluk bir bar bolmaz,
Haky söýen har bolmaz.
Özüň beýle gynama,
Menden saňa ýar bolmaz.

Agzym süýjüdeý diýdim,
Nabat tapdym, zäk çykdy.
«Bar zatda gara bagtym,
Garpyz ýardym ak çykdy».
***
Ýalňyz höwrüm gije bilen,
Okaşýas täze şygrymy.
Duşduk. Täleý, bije bilen,
Gözýaşa ezdiň bagrymy.

Sen deý belent dagyň ýanda,
Men bir kindiwanja gaýa.
Ýokdur mähir, yşkdan ganmak,
Haýyşym özüňi aýa!

Duýgularmy dograp-dograp,
Goşgy berdiň girewine.
Düýşlem bilen assa ýöräp,
Girip gitdiň ýüregime!

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

E-mail hasabyňyz paýlaşylmaz.

Başa dön tuşu