Slide
Türkmengazet ygtybarly habar çeşmesi
www.turkmengazet.com
gyzykly habarlar,täzelikler
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow


Habarlar

Aşgabatda YHG-nyň 15-nji sammiti geçirildi

28-nji noýabrda paýtagtymyzda ýerleşýän köpugurly işewürlik merkezli täze «Garagum» otelinde hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 15-nji sammiti geçirildi.

Şu ýyl YHG-da başlyklyk edýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň geçirýän sammitine Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwi, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar. Forumda Gazagystan Respublikasyna Premýer-ministr Askar Mamin wekilçilik etdi. Şeýle hem sammite YHG-nyň Baş sekretary Husraw Noziri gatnaşdy.

Nobatdaky sammit YHG-a agza ýurtlaryň ykdysady, söwda-maýa goýum, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy berkidýän möhüm wakasyna öwrüldi.

TÜRKMENgazet.

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com